Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Ýumurtga önümçiligi ösüşde

Ýer ýüzünde ýaşaýan 600 müň töweregi jandaryň ortaça 10 müňüsi guşlar hasaplanýar. Guşlaryň içinde sany boýunça iň köpi towuklardyr. Döwrüň kämilleşmegi bilen, ululygy, agramy we ýumurtgalaýşy  boýunça seçilip alnan towuklary idetmek iri guş toplumlarynda alnyp barylýar.

Dünýä derejesinde üns berilýän towuk önümçiliginiň sanynyň her ýylda 9-10 milliarda golaýdygy çaklanylýar. Häzirki wagtda önümçilik maksatly idedilýän towuklaryň aglabasy ak Leghorn towuklary bolup, agyrlygy 1,8-2 kg töweregidir. Tejribeli hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ýumurtga düşewüntliligini ýokarlandyrmak üçin her towuk başyna ýylda 240 ýumurtga almak meýilnama girizilmelidir.

Diýarymyzda ýumurtga öndürmekde işjeňligini görkezýän kärhanalaryň biri-de Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Türkmenabat kooperatiw önümçilik daşary söwda kärhanasynyň düzüminde 2016-njy ýylda açylyp önümçilige girişen guş toplumydyr. Häzirki wagtda bu ýerde 63 000 towuk saklanylyp, olardan her möwsümde 9-10 million töweregi ýumurtga alynýar. Talabalaýyk ideg edilip ýetişdirilýän towuklardan her günde alynýan ýumurtganyň mukdary ortaça 49-50 müňe barabardyr. Ýakynda bu ýerde ýokary öndürijilikli tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylan iým harazy işe girizildi. Haraz bu ýerde saklanylýan towuklary talabalaýyk iýmlemäge doly şert döredýär. Kärhananyň ösüş depgini geçen ýyla garanyňda 2% ýokarlandy.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.