Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Beden süýt bilen berkär

Irki döwürlerden bäri süýt önümlerine ýokumly iýmit hökmünde uly ähmiýet berilýär. Süýt önümlerini öndürmek dünýä derejesinde kämilleşýän önümçiligiň biri bolup, bu ugurda öňdebaryjylar Ýewropa ýurtlarydyr. Süýt maksatly idedilýän sygyrlaryň ýyllyk süýt öndürijiligi ortaça 1800-9000 litr aralygynda bolýar.

Süýt önümlerini öndürmekde ýurdumyzyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Ýüpek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň garamagyndaky «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärhanasy hem ýylsaýyn kuwwatlanýar. Giň görnüşli süýt önümlerini öndürýän kärhana 2014-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Kärhanada häzirki wagtda süýt, gatyk, aýran, mesge, dorog, duzlanan peýnir, uýadylan gaýmak, turşumtyk gatyk ýaly önümleriň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän doňdurmalar hem halk arasynda uly islegden peýdalanýar. Plastmassa we polietilen gaplara gaplanýan süýt önümleriniň 150, 250, 300, 500 gramlyk we 1 kilogramlyk görnüşleri bar. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy günde 15 tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Ýaglylygy ýokary derejede bolan çig maldan taýýarlanýan bu süýt önümleri ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. «Şawat» söwda belgileri bilen öndürilýän önümler ýurdumyzyň äh-li söwda nokatlaryny üpjün edýär. Geljekde sehlerde ýogurt, aýran we süýt önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.