Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

«Rowaç» bolsun!

Ahal welaýatynyň «Bereketli zaman» obasynda ýerleşýän telekeçi Allamyrat Durdymyradowyň alkogolsyz içgileri öndürýän hususy kärhanasy 2017-nji ýylda işe girizildi. Adyndan belli bolşy ýaly, kärhana dünýä bazarynda örän uly gyzyklanma döredýän sowuk çaýlaryň önümçiligini alyp barýar. Üç sehden ybarat kärhanada 40-dan gowrak hünärmen zähmet çekip, häzirki wagtda bu ýerde gök, limonly, tokaý miweleri, şetdaly we täzelikde önümçiligi ýola goýlan zirk tagamly çaýlaryň 10-a golaý görnüşi öndürilýär.

«Ýiti bäsdeşligiň ösýän döwründe önümleriň halk tarapyndan ykrar edilmegi üçin  kärhana ýokary hilli önümleriň bazarlarda mynasyp ornuny tapmak üçin uly  işleri alyp barýar. Ilki başda her günde 4000 gap «Rowaç» çaýyny öndürilýän bolsa, häzir bu görkeziji 40 000, 50 000-e ýetdi. Bu örän ýokary görkeziji.

   Hakykatdan hem, gezelençlerde, dynç alyşlarda ýaşlaryň hem, ulularyň hem ellerinde «Rowaç» çaýlaryny görmek bolýar. Şadyýan dynç alyşlary, täsirli gezelençleri «Rowaçly» geçirmek hemmelere nesip etsin!

«Biznes reklama»

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.