24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Ýyldaşhanadaky ýygymlar

Gü­neş­li ül­kä­mi­ziň be­re­ke­de baý top­ra­gyn­da ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da ekin ekip, ha­syl alyp bol­ýar. Mu­ny Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň “To­kaý ho­ja­ly­gy” döw­let kär­ha­na­sy­nyň my­sa­lyn­da-da gör­mek bol­ýar. Hü­när­men­ler pomidorlaryň ýy­gy­my­na 29-30-njy mart­da baş­la­jak­dyk­la­ry­ny aýd­ýar­lar. Ýy­la­dyş­ha­na­lar­da hep­dä­niň du­şen­be we an­na gün­le­ri bul­gar burç­la­ry­ň ýy­gym tap­gyr­la­ry al­nyp ba­ryl­ýar. Ola­ryň ha­syl­ly­ly­gy hep­de­de 150-200 ki­log­ra­ma ba­ra­bardyr. Ol ýerde dür­li gök ot­lar hem ösdürilip ýe­tiş­di­ril­ip, söwda nokatlaryna ugradylýar. Ýaz pas­ly ge­len­soň, gök ekin­ler açyk meý­da­na ekil­ýär.  Bu bolsa ene top­rak­dan bol ha­syl al­mak müm­kin­çi­li­gi­ni iki es­se ýo­kar­lan­dyr­ýar.
 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy