24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

“Türkmenbakaleýa” harytlara baý

Ila­ty­my­zy azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün ed­ýän dü­kan­la­ryň bi­ri-de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň “Türk­men­ba­ka­le­ýa” döw­let lo­maý-bö­lek söw­da fir­ma­sy­nyň dü­kan­la­ry­dyr. Onuň ga­ra­ma­gyn­da paý­tag­ty­my­zyň çä­gin­de 1 na­har­ha­na, 3 ka­fe­te­ri­ýa we 8 sa­ny azyk söw­da dü­kan­la­ry he­re­ket ed­ýär. Şeý­le-de we­la­ýat­la­ry­myz­da ýer­leş­ýän “Bal­kan­ba­ka­le­ýa”, “Ma­ry­ba­ka­le­ýa”, “Le­bap­ba­ka­le­ýa” we “Da­şo­guz­ba­ka­le­ýa” döw­let lo­maý-bö­lek söw­da fir­ma­la­ry onuň dü­zü­mi­ne gir­ýär. Dü­kan­la­ryň äh­li­sin­de ýer­li önüm­çi­li­gi­mi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň mi­we­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Olar et, ýag, to­wuk bu­dy, un, süýt önüm­le­ri, mi­we­ler, şe­ker, ma­ri­nad, et-ýap­ma, kon­di­ter we çö­rek önüm­le­ri, dür­li gör­nüş­li iç­gi­ler, şi­re suw­la­ry ýa­ly gün­de­lik ge­rek­li azyk önüm­le­ri­niň uly top­lu­my bi­len üp­jün edi­len­dir. 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy