24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

«Abadanyň» mürepbesi – saçagymyzyň berekedi

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň “Aba­dan” önüm­çi­lik kär­ha­na­syn­da möw­sü­miň ha­ryt­la­ry bo­lan ma­ri­nad we mü­rep­be önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi güýç­li dep­gin­de do­wam ed­ýär. Kär­ha­na çö­rek hem kon­di­ter, ma­ri­nad we al­ko­gol­syz iç­gi­le­ri ön­dür­ýän üç sa­ny seh­den yba­rat bo­lup, ol seh­ler­de 20-den gow­rak hü­när­men zäh­met çek­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ma­ri­nad önüm­le­ri her gün 1000 şert­li ban­ka, kä­şir, be­ýi ýa­ly mü­rep­be önüm­le­ri bol­sa 2000 şert­li ban­ka gap­la­ny­lyp, sarp edi­ji­le­re ug­ra­dyl­ýar. Kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri ýe­tip gel­ýän ýaz pas­lyn­da çig mal bo­lup dur­ýan gök ekin­le­riň meý­dan­da kö­pel­me­gi bi­len, önüm­çi­lik dep­gin­le­ri­niň has hem ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny uly buý­sanç bi­len aýd­ýar­lar. 
 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy