Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. 


  • 22.01.2018

Milli ykdysadyýetiň batly gadamlary

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 


  • 20.01.2018

Türkmen-ýapon dostlugy

18-nji ýanwar, 2018. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Aragatnaşyk ministrliginde “Sony Corporation” ýapon kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksadynda sapar bilen ýurdumyzda bolýan şol kompaniýanyň baş dolandyryjysy Hajime Nakamura ýolbaşçylyk edýär. 


  • 19.01.2018

Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna möhüm halka hökmünde goşulyşýar

18-nji ýanwar, 2018. Şu hepdede, sişenbe güni Türkmenistandan Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça synag gatnawyny amala aşyrýan düzümleriň tapgyryndan üçünji konteýner ýük düzümi Eýrana ugrady. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýol boýunça ilkinji şeýle demir ýol düzümi türkmen-eýran serhedinden 8-nji ýanwarda, şondan birnäçe gün soň, 12-nji ýanwarda ikinjisi geçdi. 


  • 19.01.2018

Ahal welaýatynda täze ýyladyşhana işe girizildi

 17.01.2018. Ak bugdaý etrabynda 10 gektar meýdany bolan bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi. Onuň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. 


  • 18.01.2018

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

15-nji ýanwar, 2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly wezipelere hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy. 

 


  • 17.01.2018

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.