24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Söw­da ul­ga­my­ kä­mil­leş­di­ril­ýär

26-njy maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­gi­şli mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de, hu­su­san-da, Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy we ola­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň Adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar ba­ra­da­ky döw­let to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row ýur­du­my­zyň sarp ediş ba­zar­la­ry­ny azyk ha­ryt­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek hem-de söw­da ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­la­ryň gör­nü­şi­ni we hi­li­ni art­dyr­mak, bu işi has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem wi­se-prem­ýer Aş­ga­bat­da we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de ilat üçin amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, söw­da bö­lüm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz söw­da­nyň ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň we ila­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň esa­sy dur­muş-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­si­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da söw­da hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ýo­kar­lan­dy, aly­jy­lar bi­len iş­le­me­giň tä­ze usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz içer­ki ba­zar­da is­leg­le­ri we tek­lip­le­ri öw­ren­me­giň mö­hüm­di­gi­ne, do­lan­dy­ry­şyň ne­ti­je­li hem-de çe­ýe ul­ga­my­ny taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz ila­ta dur­muş hyz­mat­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, söw­da top­lu­myn­da ma­ýa go­ýum we tä­ze­çil iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Aý­dog­dy­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän se­na­gat ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler  ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.     
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.  
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew iýun aýyn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän we dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry my­na­sy­bet­li gu­ral­jak me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.   
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow 30-31-nji maý­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de «Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni üs­ta­şyr ge­çir­mek bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn çar­çu­wa­ly yla­la­şy­ga ta­rap ýol» at­ly Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň fo­ru­my­ny, Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka me­dia-fo­ru­my­ny hem-de Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň her ýyl­lyk okuw mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da 1-2-nji iýun­da gu­ral­ýan oku­wy ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Soň­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa par­la­men­tiň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­na gi­ri­zil­jek ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di.  
Ýur­du­my­zyň hö­kü­me­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ta­mam­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de alyp bar­ýan iş­le­rin­de ägirt uly üs­tün­lik­ler, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ky­na bol­sa Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da bag­ty­ýar dur­muş hem-de ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy