Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça 5 aýyň jemi jemlendi

2-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne we taý­ýar­la­nan res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň ha­sa­bat döw­rün­de ga­za­nan mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Soňra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň go­wy ne­ti­je­le­ri ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di.  
Hä­zir gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zyň dur­mu­şyn­da örän mö­hüm we jo­gap­kär­li dö­wür — orak möw­sü­mi ýe­tip gel­di. Orak möw­sü­mi­ni gys­ga wag­tyň için­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Ahal, Bal­kan, Ma­ry we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da 7-nji iýun­dan, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa, 14-nji iýun­dan gal­la ora­gy­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di. 
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Aý­dog­dy­ýew 2017-nji ýy­lyň ýan­war — maý aý­la­ryn­da se­na­gat top­lu­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mej­li­siň bar­şyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň bäş aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly me­se­lä de­gip geç­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­ni has-da aba­dan­laş­dyr­mak hem-de ösen şä­her üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re örän uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, paý­tag­ty­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ak mer­mer­li şä­he­ri­mi­ziň keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek üçin köp iş­le­riň edil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. 

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row gö­zeg­çi­lik ed­ýän söw­da we hu­su­sy ul­ga­my­nyň pu­dak­la­ryn­da ýy­lyň ge­çen bäş aýy­nyň için­de al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça umu­my ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň 1 mil­liard 768,8 mil­li­on ma­na­da, şol san­da bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň 722,4 mil­li­on ma­na­da ba­ra­bar bo­lan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 12,3 gö­te­rim köp­dü­gi­ni ha­bar ber­di.

Mi­nistr­li­giň kär­ha­na­la­ry bo­ýun­ça gir­de­ji­niň önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­sy 103,1 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Ha­sa­bat döw­rün­de 36,7 mil­li­on ma­nat möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­di­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, hu­su­san-da, da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga uly üns ber­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şu mak­sat­lar bi­len, beý­le­ki döw­let­ler­de ýur­du­my­zyň söw­da öý­le­ri­ni hem-de bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek, söw­da ul­ga­my­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­riň üs­tün­de köp iş­le­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de söw­da ba­bat­da tek­lip­le­riň we hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi­ni, bu ul­ga­ma tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da ha­sa­bat döw­rün­de al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da habar ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň in­no­wa­si­on ösü­şi­ni na­za­ra al­mak bi­len, me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­me­giň aý­ra­tyn mö­hüm­di­gi­ni bel­ledi. Mil­li mi­ra­sy­my­zyň giň hal­ka­ra de­re­je­de wa­gyz edil­me­gi­ne, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne ün­si çek­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, ylym we sport ul­gam­la­ryn­da şu ýy­lyň ge­çen bäş aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem-de yl­my dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da şu ýy­lyň ýan­war-maý aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz giň möç­ber­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň äh­li­si­niň işi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­gy tab­şyr­dy. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017—2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler ba­bat­da ge­çen bäş aýyň için­de DIM-niň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ge­çen bäş aýyň için­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­de alyp ba­ran iş­le­ri­niň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne giň­den ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li­di­gi­ne we oňa yg­rar­ly­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mil­li par­la­men­tiň şu ýy­lyň bäş aýyn­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­ba­ry diň­läp, de­pu­tat­la­ryň de­mok­ra­tik we go­şu­lyş­mak pro­ses­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak we mu­nuň baş­lan­gyç­la­ry­ny hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de iler­let­mek işin­de goş­ýan go­şan­dy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn üs­tün­lik­li ös­dür­mä­ge hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri çöz­mek mak­sa­dyn­da Mej­li­siň, onuň dü­züm­le­ri­niň saý­law­çy­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän pu­dak eda­ra­la­ry bi­len he­mi­şe ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. De­pu­tat­lar ýer­ler­de ýy­gy-ýy­gy­dan bo­lup, adam­la­ryň dur­muş şert­le­ri­ni, saý­law­çy­la­ryň is­leg-ar­zuw­la­ry­ny iç­gin öw­ren­me­li­dir.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz Hö­kü­me­tiň şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek mej­li­si­ne yk­jam taý­ýar­lyk gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Bu mej­lis­de pu­dak­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ba­ha ber­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de uly üs­tün­lik­le­ri, Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.