24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty

 As­ta­na­da öz işi­ne baş­lan «EKS­PO – 2017» hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gisin­de bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len ýü­ze çyk­ar

 9-njy iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re «As­ta­na EKS­PO – 2017» at­ly hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hor­mat­ly myh­man hök­mün­de ça­gy­ryl­dy.
Ser­gi «Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy» di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ri­ler hem-de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ni bi­yn­ja­lyk ed­ýän mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri­ni – ener­gi­ýa­nyň al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri bi­len bag­ly me­se­lä­ni şöh­le­len­di­rer. Ýur­du­my­zyň Mil­li ser­gi mer­ke­zi­niň gat­naş­ýan bu äh­lu­mu­my ser­gi­de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri hem-de «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­tiň» ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça pi­kir­ler we çöz­güt­ler bi­len ta­nyş­dy­ry­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Aş­ga­bat-As­ta­na ug­ry bo­ýun­ça uçu­şy ama­la aşy­ryp, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip gon­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aw­tou­lag ker­we­ni ho­wa men­zi­lin­den Ga­raş­syz­lyk köş­gü­ne ta­rap ug­rady. Bu ýer­de Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew öz kär­de­şi­ni gü­ler ýüz bi­len, dost­lar­ça gar­şy­lady.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny be­lent mer­te­be­li myh­man bi­len sa­lam­la­şyp, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­ny As­ta­na­da ka­bul ed­ýän­di­gi­ne örän şat­dy­gy­ny aýt­dy. Ga­za­gys­ta­na ge­lip gör­mek hem-de «As­ta­na EKS­PO – 2017» ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew iki goň­şy döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dä­be öw­rü­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry has-da ber­kit­mä­ge hem-de ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, öz kär­de­şi­ni Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si ýa­ly mö­hüm we iri çä­rä­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de onuň mow­zu­gy­nyň örän der­wa­ýys­dy­gy­ny bel­le­di. 
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, hä­zir­ki ýag­daý­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, onuň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler hem-de öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, işe­wür we yn­san­per­wer, yl­my gat­na­şyk­la­ry hö­wes­len­dir­mek ba­ra­da pi­kir­le­ri­ni be­ýan et­di­ler. «As­ta­na EKS­PO – 2017» hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi hem hut şo­ňa ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­wi Aş­ga­ba­da, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gel­mä­ge ça­gy­ryp, Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri­niň he­mi­şe ýur­du­my­zyň ar­zy­ly myh­ma­ny bo­lan­dy­gy­ny hem-de şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­niň kär­de­şi­ne döw­let işin­de uly üs­tün­lik­le­ri, Ga­za­gys­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa ro­waç­lyk ar­zuw et­di.
Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew Azia­da – 2017-ä ça­ky­lyk üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň äh­li ul­gam­lar­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 
Du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we As­ta­na­nyň beý­le­ki hor­mat­ly myh­man­la­ry ser­gi top­lu­my­nyň çä­gi­ne, onuň esa­sy des­ga­sy­na – «Nur-Älem» bö­lü­mi­ne ta­rap ug­radylar. 
Bu ýer­de, VIP za­lyn­da be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry ýe­ne-de Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew mü­bä­rek­le­di. Ol myh­man­la­ry ser­gi top­lu­my­nyň mer­ke­zi bö­le­gi, «EKS­PO – 2017»-niň bi­na­gär­lik ny­şa­ny – «Nur-Älem» bö­lü­mi bi­len ta­nyş­dyr­dy.
Bu ser­gä hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 22-si we­kil­çi­lik ed­ýär.
Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow As­ta­na­da sa­par­da bol­ýan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len du­şuş­dy.
 
 Ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, yl­my eda­ra­la­ry­nyň hem-de önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň bir­leş­di­ri­len iri möç­ber­li ser­gi­si­niň ýaý­baň­lan­dy­ry­lan «EKS­PO-2017» ser­gi­ler top­lu­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry As­kar Ma­min gar­şy­la­dy.

Bi­ziň ser­gi mer­ke­zi­mi­ziň ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra ser­gi­sin­de il­kin­ji bo­lup açy­lyp, oňa gat­naş­ýan dür­li ýurt­lar­dan bo­lan žur­na­list­le­riň, il­çi­le­riň we dip­lo­mat­la­ryň, myh­man­la­ryň we ser­gä ge­len­le­riň esa­sy üns mer­ke­zi­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ra gut­lag bi­len ýüz­len­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «As­ta­na EKS­PO – 2017» hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň baş­la­ma­gy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ser­gi mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de bu ägirt uly çä­rä­niň gu­ra­ma­çy­la­ry­na we gat­na­şy­jy­la­ry­na üs­tün­lik­li iş­le­me­gi ar­zuw edip, bu Ser­gä gat­naş­ma­ga ça­gy­ran­dyk­la­ry üçin, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Ser­gi­niň «Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy» at­ly şy­ga­ry oňa gat­naş­ýan döw­let­le­riň her bi­ri üçin mö­hüm­dir. Şo­ňa gö­rä-de, Ser­gi­niň baş mak­sa­dy bi­ziň, ýag­ny adam­la­ryň te­bi­ga­ta ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny­ny azal­dyp, dün­ýä­de ener­gi­ýa­nyň sarp edi­li­şi­ni me­ýil­leş­dir­me­gi hem-de oňa gö­zeg­çi­lik et­me­gi öw­ren­me­gi­miz üçin jo­gap­kär­çi­li­ge ça­gy­ryş­dyr we bu ugur­da bi­lim­le­ri eme­le ge­tir­mek­dir.
«Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy» şy­ga­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň «Te­bi­gat – ener­gi­ýa­nyň eg­sil­mez çeş­me­si» at­ly mil­li eks­po­zi­si­ýa­sy­nyň şy­ga­ry do­ly ut­ga­şyp gid­ýär. Şeý­le şy­gar as­tyn­da biz öz tej­ri­bä­mi­zi hem-de «EKS­PO-2017» ser­gi­si­niň te­ma­ti­ka­syn­da yg­lan edi­len anyk tek­lip­le­ri äh­lu­mu­my de­re­je­de se­ret­mek üçin hö­dür­le­ýä­ris di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti aýt­dy. Bu köp­ta­rap­ly işiň çäk­le­rin­de ýur­du­myz te­bi­gy se­riş­de­le­riň iş­jeň öz­leş­di­ri­li­şi­ni, aýaw­ly ula­ny­ly­şy­ny, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we onuň howp­suz­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­sy­ny be­ýan etdi. 
Da­ba­ra­ly ýag­daý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň ser­gi mer­ke­zi­niň gi­rel­ge­sin­de toý ba­gy­ny kes­di hem-de içi­ne gi­rip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýan gi­ňiş­le­ýin ser­gi­ni syn­la­dy. 
 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy