Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

SAG­DYN DUR­MUŞ ÝÖ­REL­GE­SI

«Aş­ga­bat – 2017» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de jem­gy­ýe­ti­mi­ze giň­den or­naş­dy­ryl­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aş­ga­bat — 2017» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hem-de jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan tä­ze wa­gyz ediş çä­re­si­niň ba­şy­ny baş­la­dy.
15-nji iýun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz di­ku­çar­dan şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň öň ýa­nyn­da paý­tag­ty­my­zy aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ly­gy­nyň bar­şyn­da 28-nji iýul­da oýun­la­ryň baş­lan­ma­gy­na 50 gü­nüň gal­ýan­dy­gy­ny bel­läp, 29-njy iýul­da äh­li eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na we iş­gär­le­ri­ne iş­le­ri­ne we­lo­si­ped­ler­de bar­ma­gy tek­lip et­di. Şol gün şä­he­riň çäk­le­rin­de no­bat­çy ulag, ýo­lag­çy aw­to­bu­sy he­re­ket eder.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne örän uly üns be­ril­ýär. 2013-nji ýy­lyň iýun aýyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gol çe­ken de­giş­li Ka­ra­ry hem-de her ýyl köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar ta­ra­pyn­dan uly hö­wes bi­len gol­da­ny­lyp, bu spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn iter­gi ber­di. 
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz müň­ler­çe il­deş­le­ri­miz bi­len bir ha­tar­da we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­re gat­naş­ýar. Bu bol­sa ýur­du­myz­da sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ne, spor­ty, şol san­da we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mä­ge go­şant, şeý­le hem tä­ze eko­lo­gi­ýa aň-dü­şün­je­si­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne, jem­gy­ýe­tiň daş­ky gur­şa­wy­nyň ýag­da­ýy­na jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ça­gy­ry­şa öw­rül­di.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ta­rap­da­ry hem-de wa­gyz edi­ji­si bo­lan mil­li Li­de­ri­miz Azia­da – 2017-niň baş­lan­ma­gy­na 50 gü­nüň gal­ma­gy­nyň hor­ma­ty­na 29-njy iýul­da «we­lo­si­ped ula­gy­nyň gü­nü­ni» gu­ra­mak baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­rüp, yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­le­riň ada­my di­ňe bir be­den taý­dan tap­la­man, eý­sem, on­da er­kiň güý­jü­ni, zäh­met­sö­ýer­li­gi, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ynam­dan ugur al­ýar.
Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti ýaş nes­li ah­lak taý­dan ter­bi­ýe­le­me­giň äh­mi­ýet­li şer­ti bo­lup, onuň dün­ýä­ga­raý­şy­na uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär hem-de sag­ly­gy aýaw­ly sak­la­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bi­ri bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň sta­tu­sy dün­ýä­niň gö­zel şä­her­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de gün­sa­ýyn ber­ke­ýär. Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän kö­pu­gur­ly iş­ler öz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Mu­nuň özi Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek­de has aý­dyň du­ýul­ýar. Oýun­lar ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport he­re­ke­ti­ne my­na­syp go­şan­dy, sport, pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk baý­ram­çy­ly­gy bo­lar.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy