24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

SÖWDA WE HYZMAT HYZMATDAŞLYK ARKALY ÖSÝÄR

23-nji iýunda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li, mil­li we pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek, öň­de bol­jak hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iri çä­re­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­li oňyn baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek me­se­le­si hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 
Mej­li­siň ba­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mer­da­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­ti bo­lan mu­kad­des Ora­za baý­ra­my­nyň ýe­tip gel­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň, ýag­şy­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň hem-de yn­san­per­wer­li­giň baý­ra­my bo­lan Ora­za baý­ra­my adam­za­dyň be­ýik ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär we halk­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Bu baý­ra­myň ma­ny-maz­mu­nyn­da bi­ziň be­ýik me­de­ni­ýe­ti­miz, ga­dy­my­ýet­den gel­ýän däp-des­sur­la­ry­myz, ynanç-adat­la­ry­myz öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu baý­ra­my hal­ky­myz giň­den bel­läp geç­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer zäh­met gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da ka­da­laş­dy­ryş-hu­kuk na­ma­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­giň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň iri gaz we ne­bit­hi­mi­ýa pu­dak­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ýa­kyn on ýy­la ni­ýet­le­nen tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mekde al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da habar ber­di. 
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­myz­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy, gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­rlary M.Aý­dog­dy­ýew we D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry­nda al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­diler.
Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň Ser­gi mer­ke­zin­de ge­çi­ril­jek ser­gä Hy­ta­ýyň elekt­rik en­jam­la­ry­ny, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, oba ho­ja­lyk we gur­lu­şyk teh­ni­ka­sy­ny, me­tal hem-de plas­ti­ka önüm­le­ri­ni, dok­ma önüm­le­ri­ni, ha­ly­la­ry we azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry, şeý­le hem ne­bit­gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da, ulag we lo­gis­ti­ka, ara­gat­na­şyk, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, söw­da ul­gam­la­ryn­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­lar gat­na­şar. 
Şeýle-de wi­se-prem­ýer 10-12-nji iýul­da GFR-iň Maýn bo­ýun­da­ky Frank­furt şä­he­rin­de «Türk­me­nis­tan — Ger­ma­ni­ýa: gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly çä­rä­ni ge­çir­mekde al­nyp ba­ryl­ýan gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sabat ber­di.
Bu çä­rä­niň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­ler mas­la­ha­ty hem-de Azia­da — 2017-ä ba­gyş­la­nan ser­gi ge­çi­ri­ler. 
Türk­men-ger­man işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na GFR-iň döw­let eda­ra­la­ry­nyň we gu­ra­ma­la­ry­nyň, şeý­le hem komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ne­bit­gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­ty, ener­ge­ti­ka, gur­lu­şyk we gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi, ma­şyn­gur­lu­şyk, oba ho­ja­lyk we azyk se­na­ga­ty, ulag we lo­gis­ti­ka, ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, bank, äti­ýaç­lan­dy­ryş, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ul­ga­myn­da iş­le­ýän iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri gat­na­şar. 
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Hy­taý­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň ser­gi­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu çä­rä­niň Türk­me­nis­tan bi­len HHR-iň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek­de, köp ugur­lar bo­ýun­ça söw­da
-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň tä­ze ýol­la­ry­ny göz­le­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. 
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň se­na­gat kär­ha­na­la­rynyň işi­ni tä­ze de­re­jä çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, Ger­ma­ni­ýa­nyň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýtdy. 
HHR-iň ha­ryt­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da­ky ser­gi­si hem-de GFR-de ge­çi­ril­jek işe­wür­ler mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň ýurt­la­ry bi­len deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ra­ýan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge we däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant bol­ma­ly­dyr. 
Şol bir wag­tyň özün­de hal­ka­ra işe­wür gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na we dur­muş ul­ga­my­na da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry çek­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we wi­se-prem­ýe­re bu we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň uly kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de halk ho­ja­ly­gy­na ze­rur­lyk üçin tä­ze hü­när­le­ri we ugur­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew ýur­du­myz­da iýul aýyn­da baý­ram­çy­lyk­la­ra hem-de şan­ly se­ne­le­re ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­jek we tä­ze dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ral­jak me­de­ni çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýer­ler A.Ga­ra­ja­ýe­we we B.An­na­me­re­do­wa ýüz­le­nip, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek gün­le­rin­de Aş­ga­ba­da gel­jek sy­ýa­hat­çy­lar üçin el­ýe­ter­li tö­leg­ler­den di­ku­çar­da sy­ýa­hat­la­ry gu­ra­mak me­se­le­si­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sy­ýa­hat­çy­la­ra ýo­kar­dan paý­tag­ty­my­zy, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ni we ola­ryň daş-tö­we­re­gi­ni, hem-de beý­le­ki tä­sin, gö­zel ýer­le­ri gör­kez­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de «Aý Na­zar» öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny işe gi­riz­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ol öz hyz­mat­la­ry­ny «Al­tyn asyr» öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň he­re­ket ed­ýän teh­ni­ki bin­ýa­dyn­da ama­la aşy­rar. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow DIM-niň alyp bar­ýan işi ba­ra­da ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň ýur­du­my­za bo­lan sa­pa­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mek, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de Bi­le­lik­dä­ki türk­men-ýa­pon ko­mi­te­ti­niň işi­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, öň­de bol­jak we anyk ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ril­jek mej­li­se ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy. 
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak, dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, par­la­men­tiň ko­mi­tet­le­rin­de tä­ze ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak, de­giş­li na­ma­la­ra üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. 
Mil­li ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­na öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­riň hem-de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­niň öw­re­nil­me­gi­niň we iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň, mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz mil­li ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­nyň hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. 
Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gat­na­şy­jy­la­ra Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň hem-de türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.


 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy