Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmenistanyň eksport kuwwaty has-da artdyrylar

29-njy iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. Mej­li­se Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry ça­gy­ryl­dy. 
Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne geç­mez­den öň mil­li Li­de­ri­miz hö­kü­met ag­za­la­ry­na «Ar­ka­da­gyň ajap eý­ýa­my» at­ly tä­ze çap edi­len ki­ta­by ýa­dy­gär­lik sow­ga­dy hök­mün­de gow­şur­dy. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga ge­çip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol Döw­let Eta­lon mer­ke­zi­niň işi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­dä­ki iş­ler, Aş­ga­bat­da gu­rul­ýan, ulan­ma­ga taý­ýar edi­len bi­na­lar we des­ga­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow ýur­du­my­zyň Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­niň ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­leri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row ýur­du­my­zyň önüm­çi­lik we eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak hem-de şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly hal­ka­ra de­re­je­sin­de söw­da iş­le­ri­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­dä­ki iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da döw­let eýe­çi­li­gi­ne de­giş­li bol­ma­dyk eda­ra gör­nüş­li ta­rap­la­ryň we hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň ha­ryt­la­ry sa­tyn al­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly da­şa­ry söw­da şert­na­ma­la­ry­ny bag­laş­ma­gyň tä­ze gör­nü­şi gi­ri­zil­di. 
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eks­port-im­port amal­la­ry­ny saz­laý­jy baş eda­ra hök­mün­de Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň işin­de gu­ra­ma­çy­lyk taý­dan çe­me­leş­me­le­riň tä­ze­len­me­gi­niň hem-de öz­ger­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri­ni ýer­le­mek mak­sa­dy bi­len, mag­lu­mat iş­le­ri bo­ýun­ça bir­ža­nyň ne­ti­je­li iş­le­ri ýo­la goý­ma­gy­ny ta­lap et­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Aý­dog­dy­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän se­na­gat ul­ga­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew hä­zir­ki dö­wür­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­na ýaý­baň­lan­dy­ry­lan taý­ýar­lyk iş­le­ri hem-de ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç al­şy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da habar ber­di.   
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň, şol san­da se­bit­ler­de gal­la ora­gy­nyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow To­kio bo­lan gul­luk iş sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri we onuň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Türk­men-ýa­pon we Ýa­pon-türk­men ko­mi­tet­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki 12-nji mej­li­si­ne gat­naş­andygy  barada habar ber­di. 
Mej­li­siň Baş­ly­gy A. Nur­ber­di­ýe­wa mil­li par­la­men­tiň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di. 
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­na har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de Mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy B.Gün­dog­dy­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de eziz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ter­tip-düz­gün boz­ma­la­ra gar­şy gö­reş­mek, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Hal­ly­ýew ýur­du­my­zyň ka­zy­ýet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Baş pro­ku­ror B.At­da­ýew döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ka­nun­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­zeg­çi­li­giň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Baý­ra­mo­w ösü­şiň we ro­waç­ly­gyň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy we asu­da­ly­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň alyp bar­ýan işi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Sö­ýe­gow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.No­ba­tow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi hem-de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Yk­dy­sa­dy je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky döw­let gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Ça­ky­ýew kor­rup­si­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­nun boz­ma­la­ryň öňü­ni al­mak, ýü­ze çy­kar­mak we bar­la­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Ada­lat mi­nist­ri B.Mu­ham­me­dow mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ra jan sag­lyk, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik ar­zuw et­di.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.