Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Täze üstünlikleri nazarlap

7-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 2017-nji ýy­lyň al­ty aýyn­da ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­nan gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­li­siň bar­şyn­da hö­kü­me­tiň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we beý­le­ki mil­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne ba­ha be­ril­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­my üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler hem-de mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň tas­la­ma­la­ry we gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. 
Mej­li­se Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri, we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň we et­rap­la­ryň hä­kim­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, ga­zet­le­riň we žur­nal­la­ryň re­dak­tor­la­ry, beý­le­ki ýol­baş­çy­lar ça­gy­ryl­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da de­giş­li pu­dak­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry 2017-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da edi­len iş­ler ba­ra­da­ky ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di­ler.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer 2017-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my­nyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Ha­sa­bat döw­rün­de je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni 6,4 göte­rim ýo­kar­lan­dy, şol san­da se­na­gat pu­da­gyn­da 3,2 gö­te­rim, gur­lu­şyk­da 4 gö­te­rim, ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da 10,9 gö­te­rim, söw­da­da 9,4 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da 3,8 gö­te­rim, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 10,3 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni ga­za­nyl­dy. 
Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de je­mi ön­dü­ri­len önü­miň möç­be­ri 4,3 gö­te­rim art­dy. 
Al­ty aýyň jem­le­ri bo­ýun­ça bö­lek-sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy 2016-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 17,2 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Sarp ediş ha­ryt­la­ry­nyň we ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň nyrh­la­ry­nyň de­re­je­si bel­le­ni­len çäk­ler­de sak­la­nyl­dy. 
Ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça aý­lyk zäh­met ha­ky 2016-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 9 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. 
 Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row söw­da top­lu­my­nyň işi­niň ne­ti­je­le­ri we ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki bi­len de­ňeş­di­ri­len­de şu ýy­lyň ýan­war—iýun aý­la­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­ly bol­ma­dyk pu­da­gy­nyň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça umu­my ha­ryt do­la­ny­şy­gy 2 mil­liard 222 mil­li­on ma­nat­dan gow­rak bol­dy. Me­ýil­na­ma 124,4 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ha­sa­bat döw­rün­de 42,7 mil­li­on ma­nat ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri öz­leş­di­ril­di.

Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bo­ýun­ça şu dö­wür­de 122 bir­ža söw­da­la­ry ge­çi­ri­lip, on­da 11 mil­liard 430 mil­li­on ma­na­da deň bo­lan 6 müň 244 şert­na­ma ha­sa­ba alyn­dy. Me­ýil­na­ma 149,6 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. 
Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bo­ýun­ça 9,85 mil­li­on ma­nat­lyk hyz­mat iş­le­ri ama­la aşy­ryl­dy. Me­ýil­na­ma 159,6 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ha­sa­bat döw­rün­de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da 15 ser­gi we 11 mas­la­hat ge­çi­ril­di. 
Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça 360 mil­li­on ma­nat­lyk se­na­gat önüm­le­ri ön­dü­ril­di, onuň ösüş dep­gi­ni 45,3 gö­te­ri­me deň bol­dy, 534,4 mil­li­on ma­nat­lyk oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri ön­dü­ril­di. Şun­da, ösüş dep­gi­ni 5,8 gö­te­rim art­dy. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­niň möç­be­ri 2,6 mil­liard ma­nat­dan gow­rak bol­dy. Söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri 5,7 mil­liard ma­nat­dan gow­rak bo­lup, onuň ösü­şi 6,6 gö­te­rim art­dy. Hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 487 mil­li­on ma­nat­lyk iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, onuň möç­ber­le­ri 13,13 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň be­ze­gin­de Azia­da-2017-niň ny­şan­la­ry­nyň ýer­leş­di­ril­me­li­di­gi ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. 
Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­myz­da iri hä­zir­ki za­man söw­da mer­kez­le­ri­ni gur­mak, söw­da­nyň dür­li ul­gam­la­ry­ny gu­ra­ma­ga tä­ze çe­me­leş­me­le­ri gi­riz­mek bo­ýun­ça tä­ze tek­lip­le­ri öw­ren­me­gi tab­şyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň, eks­port we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň, ba­zar­la­ry gi­ňelt­me­giň ha­sa­by­na içer­ki önüm­çi­li­gi hö­wes­len­dir­me­giň hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra söw­da gi­ňiş­li­gin­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­di. 
 Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer O.Gur­ban­na­za­ro­wa, söw­da top­lu­my­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na ýüz­le­nip, ila­ty ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça işi do­wam et­me­giň, eks­por­tuň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň hä­zir­ki dö­wür­de esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Biz gel­jek­de hem te­le­ke­çi­le­ri­mi­zi giň­den gol­da­mak sy­ýa­sa­ty­ny do­wam ede­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. 
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň do­wa­myn­da­ky ta­ry­hy çy­ky­şyn­da ata Wa­ta­ny­my­zy has-da kuw­wat­lan­dy­rmak ba­bat­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça edil­me­li iş­le­ri aý­dyň­laş­dyr­dy. 
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­çen ýa­rym ýyl­da ga­za­nan ne­ti­je­le­ri­miz er­bet bol­ma­dy di­ýip aýt­dy we äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na ýa­kyn gün­ler­de al­ty aýyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat­la­ry we mej­lis­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le hem ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak bi­len bag­ly bir­nä­çe resmi­na­ma­la­ra gol çek­di. 
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ta­mam­lap, Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek ýat­lat­dy we hem­me­le­re berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny we uly üs­tün­lik­le­ri, Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.