Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINE IŞJEŇ GOŞULYŞÝAR

Diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli durmuş ugurly syýasaty meýilleşdirmek esasynda ýylyň-ýylyna durmuşa geçirmäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Bu ähmiýetli resminama 7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi.

Şu ýylyň alty aýynyň dowamynda Döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagy netijesinde ortaça zähmet haky 9 göterime çenli ýokarlandy.

Ýanwar—iýun aýlarynda durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine býujet serişdeleriniň 76,7 göterimi gönükdirildi.

Ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň raýatlaryna häzirki zaman, hemmetaraplaýyn amatly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almakda ýardam etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 2017-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň, ýokary amatlykly öýleriň umumy meýdany 632 müň 500 inedördül metre deň boldy.

Milli Liderimiz öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine aýratyn ünsi çekip, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş hem-de abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny doly üpjün etmelidigini belledi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär, uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk ulgamlaryň doly herekete getirilmegine ugur alyndy, giňden karzlaşdyrmak hem-de maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak işleri amala aşyrylýar.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, alty aýyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterime barabar boldy.

Şeýle hem ýylyň birinji ýarymynda hususy we döwlet eýeçiligindäki düzümlere gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberleri artdyryldy. Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 47 milliard dollaryna deň bolan iri desgalaryň 1900-si gurulýar.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işlerde Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hem-de desgalary hususylaşdyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişlidir. Bu ugurda amala aşyrylýan işler senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, ýurdumyzyň telekeçiliginiň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär.

Milli Liderimiz salgyt ulgamyny düýpli özgertmegiň zerurdygyny belledi. Salgyt salynmagynyň şertleri bir pudakda işleýän ähli kärhanalar üçin deň bolmalydyr. Şunda diňe bir býujetiň girdejileriniň artdyrylmagy däl-de, telekeçilik we işewürlik ösüşiniň üpjün edilmegi esasy ölçeg bolmalydyr.

Milli manadymyzyň durnukly dolanyşygynyň üpjün edilmegi strategik maksat bolup durýar, ol ykdysady ösüşe hem-de halkymyzyň ýaşaýşynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan şertlerinde eksport kuwwatyny höweslendirmek we galkyndyrmak, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlaryny işläp taýýarlamak wajyp wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde daşary ýurtlaryň eksportynyň ösüşini hem-de milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklaryny seljermek esasynda daşary ýurt pulunda gelýän girdejileri artdyrmak babatda hem anyk teklipler aýdyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu maksatnama ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda netijeli çäreleriň kabul edilmegi jemi içerki önümiň möçberini depginli artdyrmaga, bahalaryň durnuklylygyny, ilata iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary döwletleriň bazarlarynda erkin satylmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň oňyn deňeçerligini saklamaga ýardam eder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň makroykdysady kadalaşdyrmagyň dolandyrylyşynyň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we onuň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan iri möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bagtyýar halkymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýolundan öňe ynamly gadam urýar.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy