Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Sag­lyk ulgamyndaky öň­de­ba­ry­jy usul­lar

21-nji iýulda paý­tag­ty­myz­da, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi mer­ke­zin­de «Sag­lyk—2017» at­ly hal­ka­ra ser­gi ge­çi­ril­di, onuň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yl­my mas­la­hat gu­ral­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri üçin şu baý­ram­çy­lyk gü­nün­de tä­ze sag­lyk öýü­niň açy­lyş da­ba­ra­sy hem bol­dy.
Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dü­riş de­re­je­si is­len­dik ýurt­da ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň hi­li­niň, onuň döw­let gur­lu­şy­nyň we dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri­dir. Çün­ki hut şu ul­gam döw­le­tiň yn­san­per­wer­lik ug­run­da alyp bar­ýan işi bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, «Il sag­ly­gy—ýur­duň baý­ly­gy» di­ýen dü­şün­je bu ul­ga­myň işi­niň ma­ny-maz­mu­nyn­da jem­le­nen­dir.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­ny­lyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän fo­ru­ma dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan we­kil­ler we 12 döw­let­den meş­hur alym­lar, pro­fes­sor­lar, luk­man­lar gat­naş­dy­.

Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň gu­ra­ma­la­ryn­dan we kär­ha­na­la­ryn­dan baş­ga-da Ýew­ro­pa­nyň, Ame­ri­ka­nyň, Azi­ýa­nyň ýurt­la­ryn­dan kom­pa­ni­ýa­la­ryň 245-si — luk­man­çy­lyk mak­sat­ly teh­ni­ka­la­ry we önüm­le­ri, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler, ke­se­li anyk­la­ýyş we be­je­riş ba­bat­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­laý­jy­lar öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Ser­gi­de il­kin­ji ge­zek türk­men ba­za­ry­na çyk­ma­ga is­leg bil­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň 17-si­niň we­kil­le­ri öz ha­ryt­la­ry­ny hö­dür­le­di­ler.
Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň we tej­ri­be­si­niň göz­den ge­çi­ri­li­şi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýet­li bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ol hü­när­men­le­ri sag­ly­gy go­ra­ýyş se­na­ga­ty­nyň tä­ze­lik­le­ri, bu ul­gam­da öň­de­ba­ry­jy usul­lar we hyz­mat­lar bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ser­gi bar­lag­ha­na we ke­se­li anyk­la­ýyş en­jam­la­ry, luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry hem-de se­riş­de­le­ri, op­ti­ka we of­tal­mo­lo­gi­ýa, rea­ni­ma­si­ýa, in­ten­siw te­ra­pi­ýa we anes­te­zi­ýa, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sto­ma­to­lo­gi­ýa ýa­ly ugur­la­ry we beý­le­ki­le­ri bir­leş­dir­di.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de alym­la­ryň we hü­när­men­le­riň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we ýö­ri­te ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly giň möç­ber­li iş­jeň we yl­my mak­sat­na­ma gu­ral­dy.
Hä­zir­ki wagt­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň çä­gin­den çy­kyp, jem­gy­ýet­çi­lik, döw­let we şah­sy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň de­re­je­si­ne geç­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ada­myň aba­dan­çy­ly­gy­ny we tu­tuş hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy­ny we my­na­syp dur­mu­şy­ny şol ösü­şiň esa­sy ug­ry hök­mün­de kes­git­le­di.
 «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy we­zi­pe­si ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dan yba­rat­dyr we bu ugur­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Türk­me­nis­tan bir­nä­çe ke­sel­le­ri ara­dan aýyr­ma­gy ba­şar­dy we bi­ziň ýur­du­my­za Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­la­ry gow­şu­ryl­dy.
Ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak işi­ni yzy­gi­der­li alyp bar­mak üçin maş­ga­la luk­man­la­ry­nyň ul­ga­my dö­re­dil­di, ol iş ýü­zün­de özü­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but et­di. Ýur­du­myz­da meý­le­tin luk­man­çy­lyk äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy he­re­ket ed­ýär, ýo­ka­ry hil­li anyk­la­ýyş we ke­sel­le­ri be­je­riş kö­me­gi­niň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän beý­le­ki köp san­ly çä­re­ler gö­rül­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň iň hä­zir­ki za­man ul­gam­la­ry­na, ýur­du­my­zyň bu ugur­da­ky aja­ýyp däp­le­ri­ni we hä­zir­ki za­man dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na, ila­ty­ň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­si­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­ge gö­nük­dir­ýär.
Ýur­du­myz­da top­lum­la­ýyn ama­la aşy­ryl­ýan, ila­ty­my­za edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­nyň tä­ze hil de­re­je­si­ni üp­jün et­mä­ge, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri köp­dür. Ra­ýat­la­ry­myz bol­sa ýa­şa­ýan ýer­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni do­ly möç­ber­de al­mak — ke­se­li anyk­la­mak­dan baş­lap, sag­ly­gy­ny be­jert­mä­ge çen­li kö­mek al­mak is­le­ýär­ler. Mu­nuň özi gym­mat­ly wag­ty­ňy ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Maş­ga­la luk­ma­ny­nyň gö­zeg­çi­li­gi­niň we mas­la­hat­la­ry­nyň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan sag­ly­gy be­je­riş işi te­ra­pew­ti­ki çä­re­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gyn­da be­jer­gi al­mak müm­kin­çi­li­gi­ni göz öňün­de tut­ýar.
Mun­dan baş­ga-da maş­ga­la luk­man­la­ry­nyň we­zi­pe­si­ne ke­se­liň öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni gu­ra­makak, şol san­da dog­ry iý­mit­len­me­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek, ila­tyň dyk­ga­ty­na zy­ýan­ly en­dik­le­riň sag­ly­ga ýa­ra­maz tä­si­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýe­tir­mek we­zi­pe­si gir­ýär.
Aş­ga­bat şä­her sag­lyk öý­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy ka­fed­ra­sy üçin bin­ýat bo­lup dur­ýar we gel­jek­de işi­ne us­sat maş­ga­la luk­man­la­ry­ny ýe­tiş­dir­mek­de, ola­ry kä­mil­leş­dir­mek­de hem-de yl­my iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da uly ýar­dam be­rer.
Geçirilýän çä­re­ler «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň, şol san­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ul­gam­da­ky stra­te­gi­ýa­sy­nyň pa­ra­sat­ly­ly­gy­nyň hem-de öň­dengö­rü­ji­li­gi­niň ne­ti­je­si hök­mün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny öz­gert­mä­ge tä­ze çe­me­leş­me­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy