24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Hu­su­sy ul­ga­m ös­dü­ril­ýär

25-nji aw­gustda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di, onuň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Gy­ýan­ly şä­her­çe­si­niň go­la­ýyn­da tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer­ler E.Oraz­gel­di­ýe­wiň hem-de M.Aý­dog­dy­ýe­wiň ün­sü­ni oba­se­na­gat top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re çek­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Aý­dog­dy­ýew ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de Aş­ga­ba­dyň ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň çäk­le­ri­ni hem-de ýol­la­ry, se­ýil­gäh­le­ri aba­dan­laş­dyr­mak, şä­he­ri be­ze­mek we ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek, paý­tag­ty­my­zyň yşyk­lan­dy­ry­ly­şy hem-de beý­le­ki in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, je­ma­gat gul­luk­la­ry­nyň äh­li­si­niň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row gö­zeg­çi­lik ed­ýän söw­da top­lu­my­nyň işi hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mil­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­na­şy­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­me­gi hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de hu­su­sy ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň kuw­wa­ty yzy­gi­der­li art­ýar.
Hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de, önüm­çi­lik­de tut­ýan or­nu­nyň art­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň eks­por­ty­ny art­dyr­mak ba­ra­da­ky sy­ýa­sa­tyn­dan ugur al­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da iş alyp bar­ýan hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re bel­le­ni­len ter­tip­de şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak esa­syn­da azyk ha­ryt­la­ry­nyň içer­ki ba­zar­dan art­ýan bö­le­gi­ni da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­lip hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu baş­lan­gy­jy ma­kul­lap, bu me­se­le­le­riň üs­tün­de ka­nun­çy­lyk ba­bat­da iş­le­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň, eks­port hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň, şol san­da içer­ki önüm­çi­li­gi hö­wes­len­dir­me­giň we hal­ka­ra söw­da­syn­da ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­läp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz go­laý­la­p gel­ýän mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my ba­ra­da du­rup ge­çip, onuň 2-nji sent­ýabr­da baş­lan­ýan­dy­gy­ny, baý­ram­çy­ly­gyň bir gü­nü­niň ýek­şen­be gü­nü­ne ga­bat gel­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, şu ýy­lyň 3-nji sent­ýab­ryn­da­ky dynç gü­nü­ni 5-nji sent­ýab­ra — si­şen­be gü­nü­ne ge­çir­mek ha­kyn­da­ky Per­ma­na gol çek­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da or­naş­dy­ryl­ýan elekt­ron tö­leg ul­ga­my ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ma­ny-maz­mu­ny­ny we äh­mi­ýe­ti­ni ila­ta dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça mil­li par­la­men­tiň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry (DÖM) bo­ýun­ça yl­my-usu­ly­ýet mer­ke­zi­ni aç­mak ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek me­de­ni çä­re­le­riň we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry açyp, ulan­ma­ga ber­me­giň ter­ti­bi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
    Hasabatda dür­li me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­me­giň uly mak­sat­na­ma­sy­nyň taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 17-nji sent­ýabr­da ba­dal­ga al­jak “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri, Aş­ga­bat­da “Ýaň­lan, Di­ýa­rym!” te­le­bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si do­wam edip, oňa gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­len­mek bi­len, 7-nji sent­ýabr­da, ýag­ny V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 10 gün ga­lan­da, bu mö­hüm wa­ka ba­gyş­la­nan ýe­ne-de en­çe­me çä­re­le­ri ge­çir­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şol gün «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­de Azia­da­nyň mu­kad­des ody ýa­ky­lar we Aş­ga­ba­da, V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy­na ge­ti­ri­ler.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ne ça­gy­ry­lan Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew har­by dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­nyň kä­bir beý­le­ki me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si ta­mam­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de uly üs­tün­lik­le­ri, Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy