Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

2017-nji ýylyň sentýabry uly dabaralar bilen başlandy

1-nji sent­ýabr­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da dö­re­di­len tä­ze Je­ma­gat ho­ja­ly­gy ins­ti­tu­ty­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gat­naş­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ins­ti­tu­tyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem­me­le­ri tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy, Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň tä­ze des­ga­la­ry­nyň açyl­ma­gy bi­len gut­lap, Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň öz tä­ze ta­ry­hyn­da­ky aja­ýyp se­nä­ni — Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ra­my­ny uly üs­tün­lik­ler bi­len gar­şy­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 
Ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­mak, hü­när öw­ren­mek, jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak her bir adam üçin uly bagt­dyr. Ylym-bi­lim hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da top­lan, ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip gel­ýän gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr. Dur­muş ka­da­la­ry­nyň, me­de­ni­ýe­tiň hem-de tej­ri­bä­niň eg­sil­mez çeş­me­si­dir.
Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-dur­muş taý­dan ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek örän ýo­ka­ry us­sat­ly­gy, yl­my kuw­wa­ty­my­zy yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gy, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gy ta­lap ed­ýär.
Bu we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak­da Je­ma­gat ho­ja­ly­gy ins­ti­tu­ty­nyň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň hi­mi­ýa fa­kul­te­ti­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na we ta­lyp­la­ry­na hem uly orun de­giş­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Iki müň ta­ly­ba ni­ýet­le­nen Je­ma­gat ho­ja­ly­gy ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň meý­da­ny 25 gek­ta­ra ýet­ýär. Tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de 5 fa­kul­tet we 17 ka­fed­ra bo­lup, ýur­du­my­zyň je­ma­gat ho­ja­ly­gy üçin ze­rur bo­lan 12 ugur bo­ýun­ça hü­när­men­ler taý­ýar­la­nar. Ins­ti­tu­tyň hü­nä­ri ýo­kar­lan­dy­ryş fa­kul­te­tin­de hem pu­da­gyň iş­gär­le­ri hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dy­rar­lar.
Ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de je­mi 44 sa­ny bar­lag­ha­na bo­lup, olar dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar we en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.
Iki gat­ly bi­na­da 350 orun­lyk okal­ga za­ly, In­ter­net-ka­fe, iş otag­la­ry we mej­lis­ler za­ly bar. Bi­na­nyň aşa­ky ga­tyn­da 350 müň ki­ta­ba ni­ýet­le­nen gaz­na ýer­leş­ýär.
Her­si 325 orun­lyk dört gat­ly dört top­lum­dan yba­rat umu­my­ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ins­ti­tu­tyň ta­lyp­la­ry­nyň ýa­şa­ma­gy we ta­la­ba­la­ýyk dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­endir. Ola­ryň bi­rin­de ýaş hü­när­men­ler üçin bir we iki otag­ly öý­le­riň 32 sa­ny­sy göz öňün­de tu­tulan. Beý­le­ki iki ýa­şa­ýyş ja­ýyn­da bol­sa mu­gal­lym­la­ryň 32-si­niň maş­ga­la­sy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler üp­jün edil­di.
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň hi­mi­ýa fa­kul­te­ti­niň bir müň ta­ly­ba ni­ýet­le­nen üç gat­ly tä­ze bi­na­lar top­lu­myn­da hem ýaş­la­ry­my­za döw­re­bap bi­lim al­mak we hü­när öw­ren­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.
Fa­kul­te­tiň bi­na­lar top­lu­myn­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len okuw otag­la­ry ýer­leş­ýär. Hi­mi­ýa tej­ri­be­ha­na­la­ry, dip­lom iş­le­ri­ni ýaz­mak üçin bar­lag­ha­na­lar, lin­ga­fon we komp­ýu­ter otag­la­ry, dö­re­di­ji­lik tej­ri­be­ha­na­la­ry, okal­ga hem-de mul­ti­me­di­ýa zal­la­ry ta­lyp­la­ra hyz­mat eder. Bu ýer­de iş we usu­ly­ýet otag­la­ry, ka­fe we 644 orun­lyk umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýy hem bar.
Ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Şo­ňa gö­rä-de, döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly, saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni ga­zan­ma­gyň, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň örän mö­hüm şer­ti hök­mün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hem yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ge­çi­ril­ýär.
Hal­ka­ra Sag­lyk mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­de tä­ze gur­lan Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zi mu­ňa do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.
Ila­ta döw­re­bap en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa kö­me­gi­ni ber­mä­ge ni­ýet­le­nen ýe­di gat­ly iki bi­na­dan yba­rat 300 ýer­lik bu mer­kez­de 120 orun­lyk en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we 180 orun­lyk hem hi­rur­gi­ýa bö­lüm­le­ri bar. Tä­ze mer­kez­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry otur­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ra TDU-nyň hi­mi­ýa fa­kul­te­ti­niň tä­ze bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. 
 Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça TDU-nyň hi­mi­ýa fa­kul­te­ti­niň hä­zir­ki za­man bi­na­lar top­lu­my­ Türk­me­nis­ta­nyň şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da öň­den gel­ýän hyz­mat­da­şy hem-de tu­tuş uni­wer­si­tet şä­her­ji­gi­niň pot­rat­çy­sy bo­lan Fran­si­ýa­nyň «Bu­ig Ba­ti­man In­ter­na­tio­nal» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­na edil­di. Bu ýer­de bir wag­tyň özün­de 1000 ta­lyp bi­lim alar.
Bi­ri-bi­ri­ne ýa­na­şyk ýer­leş­ýän üç gat­ly bi­na­lar­da — mer­ke­zi we iki gap­dal bi­na­da lek­si­ýa we tej­ri­be sa­pak­la­ry­ny geç­mek üçin 35 okuw ota­gy ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şeý­le hem bu ýer­de 22 hi­mi­ýa tej­ri­be­ha­na­sy we dip­lom iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin 4 tej­ri­be­ha­na, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek üçin 8 lin­go­fon okuw ota­gy, 13 komp­ýu­ter ota­gy göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. 
Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­dy­lar. 
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da ägirt uly iş­ler bi­ti­ril­ýär. Ila­tyň sag­ly­gy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak, onuň or­ta­ça öm­rü­ni uzalt­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň hyz­mat­la­ry­ny ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri or­naş­dyr­mak bu mak­sat­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.
Aý­ra­tyn-da, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň ösü­şi­ni we ýaý­ra­ma­gy­ny şert­len­dir­ýän tö­wek­gel­çi­lik­le­riň öz wag­tyn­da ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na, iş­jeň be­je­ril­me­gi­ne we be­jer­gi döw­rün­de yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­gi ýo­la goý­mak bo­ýun­ça do­ly de­re­je­li çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
En­dok­rin ke­sel­le­ri­niň ara­syn­da has köp ga­bat gel­ýä­ni süý­ji ke­se­li­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ke­sel dün­ýä­niň ila­ty­nyň 6 — 10 gö­te­ri­me go­la­ýyn­da bar diý­lip ha­sap­la­nyl­ýar. Süý­ji ke­se­li­ni öz wag­tyn­da anyk­la­mak we ony be­jer­mek has çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ýar. Şeý­le ke­se­li bo­lan nä­sag­la­ry be­jer­mek iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li we dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi köp ba­bat­da nä­sag­la­ryň özü­ne bag­ly bo­lup­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zin­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­lar bi­len ta­nyş­dy. 
Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zi­niň mas­la­hat­lar za­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ger­ma­ni­ýa­nyň süý­jü­li dia­bet ke­sel­le­ri jem­gy­ýe­ti­niň hem-de Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça sag­ly­gy go­ra­ýyş gaz­na­sy­nyň we­kil­le­ri paý­tag­ty­my­zyň tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne ber­len ýö­ri­te gü­wä­na­ma­la­ry gow­şur­dy­lar.
Mas­la­hat­lar za­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bor­do şä­he­ri­niň uni­wer­si­te­ti­niň hor­mat­ly dok­to­ry ha­nym Eni Sas­ko­ we Kýoln uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry, En­dok­ri­no­lo­gi­ýa de­par­ta­men­ti­niň ýol­baş­çy­sy Ru­dolf Maý­sa söz ber­di. Myh­man­lar Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne we bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ger­ma­ni­ýa­nyň süý­jü­li dia­bet ke­sel­le­ri jem­gy­ýe­ti­niň hem-de Daş­ky gur­şaw ba­bat­da sag­ly­gy go­ra­ýyş gaz­na­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na we äh­li iş­gär­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da alyp bar­ýan işi­ni yk­rar eden­di­gi hem-de oňa gol­daw ber­ýän­di­gi üçin ýe­ne bir ýo­la min­net­dar­lyk bil­di­rip, ola­ry Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na myh­man­çy­ly­ga ça­gyr­dy hem-de bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zi bi­len ta­nyş­ly­gy ta­mam­lap, Hor­mat­ly myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen ki­tap­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy. 
 

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.