24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda öňümizdäki möhüm wakalar bilen baglanyşykly döwlet durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gün tertibine durmuş-ykdysady ösüşiň pudaklaýyn wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berdi. Wise-premýer «EKSPO—2017» ýöriteleşdirilen halkara serginiň we onuň çäklerinde guralan Türkmenistanyň sergisiniň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň 10-njy iýunynda «Geljegiň energiýasy» diýen şygar astynda işine başlan bu bütindünýä forum dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň birine bagyşlanyldy. Bütindünýä sergide ýurdumyzyň milli bölümi hereket edýär. Onda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça pikirler we çözgütler görkezildi.
Serginiň açylan pursadyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ýurdumyz bilen energetika pudagynda, senagatda, nebitgaz ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipler gelip gowuşdy. Foruma köp sanly gatnaşyjylar Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga höweslidiklerini beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «EKSPO—2017-ä» gatnaşmagynyň baş maksadynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri dünýä görkezmekden ybarat bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle forumlaryň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklarda tejribe alyşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýändigini aýdyp, halkara serginiň işiniň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalaryndan gelip gowşan teklipleri düýpli öwrenmegi hem-de daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak işinde peýdalanmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew güýz-gyş möwsüminiň gelmegi bilen içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekişiniň geçirilişi hem-de pagta ýygymy möwsüminiň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, energetika ulgamlarynda hem-de jemagat hojalygynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky agyzsuw edaralary üçin zerur bolan alýuminiý sulfatynyň 15 müň tonnasyny satyn almak barada yglan edilen halkara bäsleşigiň jemleri barada habar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek hem-de onuň binýadynda demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda «Türkmendemirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmendemirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek barada öňe sürlen teklibiň wajypdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlaryny ösdürmek, taryhy-medeni mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň kombustiologiýa kömegi gullugynyň – ýanygy bejeriş lukmançylygynyň işini guramak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 72-nji maslahatynyň çäklerinde ýurdumyz howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek işinde derwaýys meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak üçin Kararnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip eder.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ulgamlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen birnäçe kanunlary hem-de kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny işläp taýýarlamak babatda habar berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Aşgabat 2017» oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçdi.
Milli Liderimiz her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde ýurdumyzda Energetika senagatynyň işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň ähli energetiklerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy