TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

TÄZE ÜSTÜNLIKLERE TARAP

29-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlarynda daşary ýurt raýatlaryny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek baradaky habary aýdyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, owgan raýatlaryny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dil öwreniş okuwlaryna muzdsuz esasda kabul etmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlarynyň toparyny D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dil öwreniş okuwyna kabul etmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra 2-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-russiýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça esasy ugurlarda köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi.
22-24-nji sentýabr aralygynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada habar aýdyldy. Mejlisde 12-13-nji oktýabrda Garaşsyzlygyň 26 ýyllygyna gabatlanyp Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Tejen, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Mary welaýatynyň Mary şäherlerinde maýyp adamlar we aýratyn durmuş goraglylygyna mätäçler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, her biriniň umumy meýdany 6123,6 inedördül metr bolan 48 öýli 4 gatly 4 sany ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow R.Meredowy Türkmenistanyň senagat ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi. Soňra möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary babatda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy