TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

ŞU ÝYLYŇ 9 AÝYNYŇ ÜSTÜNLIKLI NETIJELERI

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlarydiňlenildi, olaryň alyp baran işiniň netijelerine baha berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ulgamlarda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.
Giňişleýin mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyz Maliýe hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliklerini birleşdirmek, onuň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek kararyna gelendigini aýtdy we täze düzümiň esasy wezipelerini hem-de işiniň ugurlaryny kesgitledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek hem-de onuň meseleleri hakyndaky resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow ýurdumyzyň söwda toplumynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşar ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň möçberi 3 milliard 503,7 million manada barabar boldy. Şol sanda bölek söwdanyňky 1 milliard 290,8 million manada, lomaý söwdanyňky 2 milliard 212,9 million manada deň boldy.
2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler degişlilikde 14,6% we 2,7% artdy. Öndürilen önümleriň mukdary 202 million manada deň bolup, onuň önümçiligi 1,9% ýokarlandy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 185 söwda geleşikleri geçirildi. Olaryň barşynda jemi 17 milliard 739,6 million manada deň bolan 13 müň 86 şertnama hasaba alyndy. Olaryň esasy bölegi eksport-import geleşiklerinden ybarat boldy. Umumy gazanylan girdejileriň mukdary 59,49 million manada deň bolup, bu baradaky meýilnama 141,5 göterim ýerine ýetirildi.
Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň 9 aýynda 13,3 million manatlyk hyzmatlar ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 9 aýyň dowamynda bahasy 639,3 million manada barabar senagat önümleri öndürildi we olaryň möçberleri 36,3% artdy. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6% ýokarlandy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 4 milliard 640,1 million manada barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň mukdary 8 milliard 708,9 million manada deň bolup, ol 7,5% ýokarlandy. Hyzmatlar ulgamynda 748 million manatlyk iş ýerine ýetirildi we onuň ösüşi 12,8 göterim derejesinde boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Söwda-senagat edarasynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Düzümiň işini kämilleşdirmek üçin netijeli çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi we ýakyn wagtda giň möçberli dabaralaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýdyp, baýramçylyk günlerinde bazarlarda we söwda dükanlarynda senagat hem-de azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
9-njy oktýabrda biz Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Maslahatda ýakyn geljek döwürde berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhüm meselelerine serederis. Şeýle hem, içeri we daşary syýasatymyza degişli ençeme meseleleri ara alyp maslahatlaşarys. Şoňa görä-de, ähli ýolbaşçylar bu maslahata gowy taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz birnäçe ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Kararlara gol çekdi, şeýle-de mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadynçylygy we eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy