TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Ýaşulular maslahaty taryhy çözgütleri kabul etdi

«Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde» hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisiniň barşynda oňa gatnaşanlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna teklipleriň birnäçesi hödürlenildi.

 Maslahatyň ikinji gününde geçirilen mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi üçünji maslahatynyň barşynda Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesiniň kabul edilendigini aýtdy. Maslahata gatnaşyjylar şol kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunlara gol çekdi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi.

«Erkin ykdysady zolaklar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Ýaşulular maslahatynyň agzalarynyň biragyzdan makullamagy bilen, hormatly Prezidentimiz «Ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Kanuna, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakyndaky» Kanuna hem-de «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakyndaky» Permana gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berilmegini haýyş etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa – Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi hem-de Mejlisiň Kararyny okady. Umumymilli forumyň wekilleriniň dowamly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýokary döwlet sylagy bolan «Altyn Aý» medaly gowşuryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň türgenleriniň adyndan milli Liderimize ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

 Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Prezidentimiziň «Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky» Permanlaryny okady.

Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisini dowam edip, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanunyna laýyklykda, geljek ýyl onuň birinji mejlisiniň geçiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz ony Aşgabat şäherinde geçirmegi teklip edip, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permana gol çekdi.

Soňra 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmak teklip edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy wekilleri tarapyndan goldanyldy.

Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli halkyna Ýüzlenmesi kabul edildi. Soňra döwlet Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz sözüni tamamlap, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy