TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, baýramçylyk we hatyra günlerini bellemek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse), şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerini bellemeli:

1) Watan goragçylarynyň güni — 27-nji ýanwar;

2) Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — 18-nji fewral.

3) Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni — 7-nji mart;

4) Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni — 31-nji mart;

5)  Bütindünýä saglyk güni — 7-nji aprel;

6) Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni —17-nji aprel;

7)  Türkmen bedewiniň baýramy — aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;

8) 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni — 9-njy maý;

9) Aşgabat şäheriniň güni — 25-nji maý;

10) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni — 29-njy maý;

11) Türkmen halysynyň baýramy — maý aýynyň soňky ýekşenbesi;

12) Çagalary goramagyň halkara güni — 1-nji iýun;

13) Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni — 5-nji iýun;

14) Dokma senagatynyň işgärleriniň güni — iýun aýynyň birinji ýekşenbesi;

15) Ylymlar güni — 12-nji iýun;

16) Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni — 18-nji iýun;

17) Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni — 26-njy iýun;

18)  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni — 27-nji iýun;

19) Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni — 5-nji iýul;

20) Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni — 21-nji iýul;

21) Serhetçiler güni — 11-nji awgust;

22) Bilimler we talyp ýaşlar güni — 1-nji sentýabr;

23) Energetika senagatynyň işgärleriniň güni — sentýabr aýynyň ikinji şenbesi;

24) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni — 30-njy sentýabr;

25) Ýaşulularyň halkara güni — 1-nji oktýabr;

26) Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni — 9-njy oktýabr;

27) Türkmenistanyň Gümrük edaralarynyň işgärleriniň güni — 4-nji noýabr;

28) Hasyl toýy — noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;

29) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni — 14-nji dekabr;

30) Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni — 21-nji dekabr.

2. Şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen baýramçylyk gününiň biriniň senesi beýleki bir baýramçylyk gününiň senesi bilen gabat gelen halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen baýramçylygyň biriniň bellenilmegi başga güne geçirilip bilner.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabry.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy