TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesini, milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek baradaky meseleleri halkymyzyň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek, halkymyzyň taryhy döwlet tejribesini iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak, milli demokratiýamyzy ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi mundan beýläk-de döredijilikli dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin girizmeli.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabry.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy