Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 111-nji madda) 81-nji maddasynyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

1) Täze ýyl — 1-nji ýanwar;

2) Halkara zenanlar güni — 8-nji mart;

3) Milli bahar baýramy — 21-22-nji mart;

4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni — 18-nji maý;

5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni — 27-nji sentýabr;

6) Hatyra güni — 6-njy oktýabr;

7) Halkara Bitaraplyk güni — 12-nji dekabr;

8) Gurban baýramy — Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;

9) Oraza baýramy — Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem bellenilýär.».

II. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabry.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.