TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Türkmen-täjik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji güni milli Liderimiziň täjik kärdeşi, şeýle hem dostlukly ýurduň Mejlisiniň aşaky palatasynyň başlygy bilen duşuşyklary boldy.

2-nji noýabrda täjik paýtagtynda iki döwletiň Liderleriniň gepleşikleri üstünlikli geçirildi hem-de bilelikdäki resminamalaryň ençemesine, şol sanda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnama, möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýän hökümetara ylalaşyklaryna we maksatnamalaryna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy.

Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk häzir şol işiň esasyny düzýär. Iki ýurduň Liderleri bu babatda garaýyşlarynyň üýtgewsizdigini tassyklap, Merkezi Aziýanyň asuda we durnukly ösmegini, onuň netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin giňişlige öwrülmegini üpjün edýän mäkäm we netijeli gurallary döretmäge ygrarlydygyny bellediler.

3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet kabulhanasynda täjik parlamentiniň (Majlisi namoýandagon) Aşaky palatasynyň başlygy Şukurjon Zuhurowy kabul etdi.

Jenap Ş.Zuhurow döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, bütin dünýäde netijeli syýasaty hem-de döredijilikli halkara başlangyçlary bilen tanalýan ýurduň Lideri bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda häzirki resmi saparyň hem-de düýn geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Bu gepleşikler däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Täjigistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Bu gatnaşyklar ilkibaşdan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmäge, işewür gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Biz Prezident Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, dürli ugurlarda uzakmöhletleýin gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge taýýardygymyzy tassykladyk diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi. Gazanylan ylalaşyklar hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar biziň gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmäge we berkitmäge özara gyzyklanmanyň hem-de özara ynamyň ýokary derejesiniň bardygyny görkezýär.

Şeýle hem milli Liderimiz geçen döwrüň içinde döwletleriň ikisiniň hem netijeli hyzmatdaşlygyň uly we oňyn tejribesini toplandygyny belledi. Munuň özi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak babatda uzakmöhletleýin geljegi gurmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň kanunçykaryjy häkimiýetleriniň arasynda özara gatnaşyklary berkitmek örän möhüm bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz bu ugurda tejribe alyşmak üçin kanunçykaryjy edaralarymyzyň arasynda mäkäm gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň ýaly hyzmatdaşlyk bize ýurtlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berer.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Täjigistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän parlamentara gatnaşyklaryny has-da berkitmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Parlamentara derejesinde gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga, iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň ýokary kanunçykaryjy we döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň düzümi we işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Täjigistanyň parlamenti iki palatadan: Aşaky – Wekilleriň palatasyndan (Majlisi namoýandagon) we Ýokarky – Milli Geňeşden (Majlisi milli) ybaratdyr.

Aşaky palata ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan deputatlaryň 63-sinden ybarat bolup, wekilleriň 22-si deňölçegli ulgam boýunça, 41-si bir mandatly okruglar boýunça saýlanylýar. Majlisi namoýandagon hemişelik we hünär esasynda hereket edýär.

Majlisi milli 33 agzadan ybarat bolup, olaryň 25-si Daglyk-Badahşan awtonom oblastynyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň, Duşenbe şäheriniň we onuň etraplarynyň, respublikan tabynlygynda bolan şäherleriň we etraplaryň deputatlarynyň bilelikdäki mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Onuň agzalarynyň 8-si Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Majlisi millide Respublikanyň ähli dolandyryş-çäk birlikleri wekilleriň birmeňzeş sanyna eýedir. Täjigistan Respublikasynyň Majlisi milli Majlisi Oliniň agzalygyna ýurduň 35 ýaşan we ýokary bilimi bolan raýaty saýlanyp biler. Deputatlaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti 5 ýyla deňdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz nobatynda, Täjigistanyň parlamentiniň wekilleriniň palatasynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Täze taryhy döwürde döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde oňa möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ätmek bilen Türkmenistan demokratik institutlaryny ösdürmäge, raýat jemgyýetini kemala getirmäge aýratyn üns berýär.

Öňde goýlan wezipeleriň ähmiýetini nazara almak bilen, soňky ýyllarda Mejlisiň deputatlar düzümi we wezipeleri ep-esli giňeldi, birnäçe möhüm Kanunlar hem-de beýleki kadalaşdyryjy namalar kabul edildi. Olar Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmelere täze depgin bermäge gönükdirilendir. Şol özgertmeler bolsa milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmegi, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şukurjon Zuhurowy ýetip gelýän Täjigistan Respublikasynyň milli baýramçylygy – Konstitusiýa güni bilen gutlap, halkyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Şukurjon Zuhurow Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp kabul edendigi hem-de geçiren gadyrly we mähirli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutany we Majlisi namoýandagonyň başlygy hoşlaşanlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli şerti bolan parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek, kanunçykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribe alyşmagy ýola goýmak barada pikirlerini beýan edip, iki ýurduň we halklaryň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler...

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmon bilen Warzob jülgesinde gezelenç etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri ekologiýa meselelerine, tebigaty goramak, suwdan rejeli peýdalanmak we klimat howpsuzlygy babatda sebit üçin umumy wezipeleriň çözülmegine üns berdiler. Bu meseleleriň birtaraplaýyn tertipde çözülmegi mümkin däldir hem-de soňky onýyllyklaryň dowamynda Orta Aziýada bolup geçýän hem-de döwletleriň gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny gurşap alýan goşulyşmak prosesleriniň işjeňleşendigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanyň daglarynda Panj we Wahş derýalarynyň goşulýan ýerinden Orta Aziýada uly derýalaryň biri bolan Amyderýa gözbaşyny alyp, ýurduň iri derýalar ulgamyny emele getirýär. Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almak Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu möhüm ekologiki taslama ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda suwarymly ýerlerden zeý suwlaryny bir ýere ýygnamak üçin bir bitewi şor suw akabalar ulgamyny döretmek hem-de şol suwlary Garagumuň merkezindäki Garaşor çöketligine sowmak bolup durýar.

Zeý suwlaryny Merkezi Aziýanyň iri serhetüsti derýasyna - Amyderýa zyňmagy bes etmek BMG-niň ÝYT-nyň serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak boýunça Helsinkiý konwensiýasynyň talaplaryna hem-de suw meseleleri hem-de adamlaryň saglygyny goramak boýunça teswirnama laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä we sebit derejesindäki ösüşe uly goşandy bolup durýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigaty goramak hakynda binýatlyk konwensiýasyna goşulmak bilen, ekologiýanyň ählumumy meseleleri, suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä garşy göreşmek, oba hojalyk ýerlerini ekin dolanyşygyna girizmek, howanyň üýtgemegi ýaly global meseleler boýunça halkara bileleşiginiň amala aşyrýan bilelikdäki taslamalaryna işjeň gatnaşýar.

Bu mesele  geçirilen türkmen-täjik gepleşikleriniň dowamynda hem gozgaldy, şonda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG, ÝHHG, sebit guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksadynyň bardygyny belledi. Türkmenistan we Täjigistan şol guramalaryň agzalary bolup durýar.

Şeýle hem biziň ýurdumyz 2017—2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde täze sebitleýin işleriň başyny başlaýar. Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti işläp başlady.

Türkmenistan gaznanyň halkara abraýyny, ählumumy tebigy hadysalary bilen göreşmekde onuň ähmiýetini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow AHHG-nyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak boýunça sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňat binýat bolup biljekdigine ünsi çekdi.

Hususan-da, AHHG-nyň işlemegi üçin şu maksatlary uýgunlaşdyrmak teklip edilýär: suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de hemmeler üçin arassaçylygy üpjün etmek; energiýanyň arzan we ygtybarly çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek; jogapkärli sarp etmek we öndürmek; howanyň üýtgemegi we onuň täsirleri bilen göreşmek; deňiz ekoulgamlaryny aýawly saklamak; guryýer ekoulgamlaryny dikeltmek; durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk.

Galyberse-de, işiň birnäçe ugry bolup, olar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ulag we söwda ulgamlarynda sebit hyzmatdaşlygy 2015-nji ýylyň sentýabrynda tassyklanan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy ösüşiň gün tertibiniň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly goşant goşup biler.

Şeýle hem Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk boýunça merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ony geljek ýyl açmak meýilleşdirilýär. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda bilelikdäki işler bu düzümiň işiniň möhüm bölegi bolup durýar.

Soňra özara söhbetdeşlikde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon döwletleriň ikisi üçin hem möhüm bolan halk hojalygyny senagatlaşdyrmak meselesi barada gürrüň etdiler. Milli Liderimiz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi. Mysal üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda indi diňe aýry-aýry kärhanalar we zawodlar däl-de, eýsem, tutuş toplumlar we senagat zolaklary gurulýar. Olarda önümçilik işi täze tehnologiýalara we usullara, ylmy çemeleşmäni talap edýän enjamlara we awtomatlaşdyrylan ulgamlara esaslanandyr.

Ulag ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek, şeýle hem dünýä derejesinde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň möhüm şertine öwrüldi. Sebit derejesinde ähmiýetli giň gerimli taslamalary amala aşyrmak bilen biziň ýurdumyz şol bir wagtyň özünde bu ugurda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birnäçe halkara başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň öňe süren ulag meseleleri boýunça eýýäm ikinji rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Geçen ýylyň noýabrynda bolsa Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat geçirildi.

Täjigistan türkmen başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýär, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýoluny gurmagyň bilelikdäki taslamasy munuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Bu taslamanyň doly amala aşyrylmagy diňe oňa gatnaşyjy ýurtlara däl-de, eýsem, tutuş sebite örän uly peýda getirer.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdylanda bolsa, onda bu ýerde çig maly düýpli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, önümçiligiň döwrebap usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasy ýörelge bolup durýar.

Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýene-de biri elektroenergetika bolup durýar. Şunda Türkmenistan pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy hem-de onuň kuwwatlyklaryny artdyrmagy netijesinde daşary ýurtlara iberýän önümleriniň möçberini hem ýylsaýyn artdyrýar. Biz şeýle hem güýz-gyş paslynda, ýurtda elektrik energiýasyna islegiň artýan wagtynda Owganystanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny ibermäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň dowamynda häzirki zaman döwlet gurluşynyň we milli ösüşiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň nädip gazanylandygy baradaky mesele barada durup geçmek bilen, ykdysady ulgamy özgertmegiň many-mazmunynyň nebitgaz toplumyna we çig mala berilýän ünsi ähli pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine hem-de daşary ýurtlara iberilýän taýýar harytlaryň artdyrylmagyna geçirmekde jemlenýär diýip belledi.

Bu işde hususy ulgam möhüm orun eýeleýär, ýurduň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini açmakda oňa uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzir Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ulanylmaýan serişdeleri özleşdirmek, täze pudaklary döretmekde esasy kuwwatly güýje öwrüldi.

Ýurdumyzyň hususy kärhanalary döwletiň goldaw bermeginde birnäçe ugurlarda, şol sanda gurluşyk işinde ussatlygyň ýokary derejesine ýetdiler. Olar iri senagat önümçiliklerini, uly ýaşaýyş jaý toplumlaryny we tutuş obalary gurýarlar. Indi Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlary tutuş köçeleri bilen ulanmaga berilýär, şunda olar amatly ýaşamak üçin zerur bolan ýaşaýyş-durmuş we ýol-ulag düzümine eýe bolup durýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan kompaniýalar tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ençeme desgalar guruldy we bina edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunda döwletimiz geljekde hem telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin ähli şertleri döreder. Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklar hakynda ýakynda kabul edilen kanun hem hut şoňa gönükdirilendir. Ol hususy, hojalyk, işewür başlangyçlary üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri daşary ýurt bazarlaryna çykdylar, dürli ýurtlarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň howandarlygynda Türkmenistanyň Söwda öýleri açylýar, çagalar baglary we mekdepler gurulýar. Russiýanyň Astrahan oblastynda we Moldowada gurlan desgalar muňa mysal bolup biler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň mümkinçilikleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleriň öň ýanynda geçirilen türkmen-täjik işewürler maslahatynda hem tanyşdyryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary jemgyýeti ösdürmek üçin sportuň uly ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly ähmiýeti bellenildi, şonda türkmen ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýeläp, medallaryň köpsanlysyny gazandylar.

Milli Liderimiz bu üstünligiň ägirt uly maksada gönükdirilen işleriň netijesi bolup durýandygyny belledi, bu işler Aşgabatda Aziada — 2017-ni geçirmek hakynda çözgüt kabul edilmezden esli wagt öň ýaýbaňlandyryldy.

Diňe paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda döwrebap sport desgalary we sport mekdepleri guruldy, döwlet tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi hemmetaraplaýyn höweslendirildi, ussat türgenler sylaglanyldy. Sport düzüminiň ösmegi bilen bir wagtda bu ugurda işjeň wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Sportuň yzygiderli ösmegi şonuň netijesi bolup, ol umumymilli maksada öwrüldi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara ýaryşlaryndan başga, ýurdumyzda ählumumy spartakiadalar yzygiderli geçirilip, olar zähmetkeşleriň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçe müňüsini birleşdirýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler ýaly çäreler hem däbe öwrüldi. Bu ägirt uly toplumlaýyn işiň baş maksady bolsa, ýaş nesliň, ähli halkyň saglygy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şu günki söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň Liderleri düýn geçirilen gepleşiklere ýokary baha berip, döwletara gatnaşyklarynyň gadymdan gözbaş alýan, türkmen we täjik halklaryny öňden bäri baglanyşdyrýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna daýanyp, täze belentlige çykjakdygyna ynam bildirdiler.

Şunda dostlukly ýurduň Baştutany Täjigistanyň Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege kömek bermek däplerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklamak bilen, täjik halkyna doganlyk goldawyny berip gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Täjigistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam etmegi maksat edinýändigini belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak, şeýle hem özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýan häzirki döwrüň wakalary bilen baglylykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynda birek-birege goldaw bermegiň üstünlikli tejribesini dowam etjekdiklerini bellediler, munuň özi iki ýurduň ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň meňzeşdigine şaýatlyk edýär.

Saparyň daşary syýasy netijeleri barada hem aýtmak gerek. Türkmen tarapy hem, täjik tarapy hem halkara guramalarynyň çäklerinde we köptaraplaýyn görnüşlerde iki döwletiň sazlaşykly işiniň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Täjigistanyň teklipleri boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary we beýleki halkara namalary onuň aýdyň netijeleri bolup hyzmat edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň başyny başlan hem-de energetika howpsuzlygy we durnukly ulag meseleleri boýunça Baş Assambleýanyň Rezolýusiýalary bar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hem-de Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň garamagyna girizen Halkara Bitaraplyk güni hakynda BMG-niň biragyzdan kabul eden resminamalary halkara hukuk ulgamynda aýratyn ähmiýete eýedir. Taraplar Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisiniň garamagyna hödürlän täze kararnamalarynyň taslamalary boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.

Duşuşykda goňşy Owganystandaky ýagdaý hem ara alnyp maslahatlaşyldy, dünýäniň ençeme döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek babatda özara hereketleriň meselelerine garaldy. Olar bu ýurtda içerki ýagdaýy durnuklaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek boýunça ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Hökümetiniň hem-de ähli jogapkär we degişli owgan güýçleriniň arasynda asuda gepleşikleri ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýoly ýaly iri möçberli taslamalar, Türkmenistanyň owgan tarapyna iberýän elektrik energiýasyny birnäçe esse artdyrmaga taýýardygy, yzygiderli ynsanperwer kömekleri hem-de Türkmenistanyň başyny başlaýan beýleki birnäçe anyk ädimleri owgan halkyna ýeňil bolmadyk döwürde netijeli goldawyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 14—5-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahatyň 7-nji mejlisini geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Türkmenistanyň ozal öňe süren başlangyçlary umumy maksady gazanmak—Merkezi Aziýany netijeli halkara hyzmatdaşlyk sebitine öwürmek baradaky umumy maksady gazanmak üçin esas bolup hyzmat edýär. Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meselelerine garamak, bilelikde işlemegiň maslahat beriji gurallaryny döretmek üçin hemişelik hereket edýän syýasy binýadyň döredilmegi şol başlangyçlaryň esasy maksady bolup durýar.

...Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde mähirli hoşlaşdylar. Olar taraplaryň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşyp, üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Täjigistan Respublikasyna saparyny tamamlap, Aşgabada tarap ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy