www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bu ýerde geçiriljek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere garaldy, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, halk maslahatynyň işini ýola goýmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň işini kämilleşdirmäge, hususan-da, senagat toplumynyň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilmegine, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde ähli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin iň täze tehnologiýalary we oňyn tejribäni giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň hem-de kabul edilýän çözgütleriň we amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksatlaryny düşündirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak wajyp wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we onuň üstünlikli çözülmegi üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oba hojalyk toplumynda agrotehniki çäreleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň bol hasyl almaga, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda oba ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş -durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň Mary welaýatynda ýerine ýetirilişi seljerildi, şeýle hem welaýatyň, onuň etraplarynyň we şäherleriniň häkimleriniň alyp barýan işlerine baha berildi. Mejlisiň barşynda welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi, bu ugurda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmagyň ýollary maslahatlaşyldy, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Garaşsyz Watanymyzda soňky döwürde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi. Bu özgertmeler eziz Diýarymyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Täze obalar we şäherçeler döredildi. Önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi gurlup, ulanmaga berildi.

Welaýatlarda we etraplarda, iň uzakda ýerleşýän obalarda hem häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy. Täze demir we awtomobil ýollaryny, beýleki möhüm ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işler ýokary derejede amala aşyrylýar.

Ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlary çalt depginler bilen ösdürildi. Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňky ýyllarda Mary welaýatynda hem ähli ugurlar boýunça gowy netijeler gazanyldy diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi. Biz welaýaty toplumlaýyn ösdürmek boýunça degişli kararlary kabul etdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we welaýatda senagat, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we söwda pudaklarynyň utgaşykly ösýändigini nygtady. Medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda oňat netijeler gazanylýar. Ilatyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanýar.

Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda Mary welaýatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan köp sanly möhüm ähmiýetli desgalar, ýaşaýyş jaýlary, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň binalary, medeniýet öýleri hem-de sport desgalary guruldy we gurulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welaýatda 2008—2017-nji ýyllarda 18 hassahana, 25 saglyk öýi we merkezleri, 56 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 65 orta mekdep, 17 sany medeniýet öýi, 43 sany sport mekdebi we desgasy, meýdany 1,5 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şu döwürde uzynlygy 3200 kilometrden gowrak suw hem-de lagym geçirijiler, 965 kilometr awtomobil ýollary, 2650 kilometre golaý elektrik geçirijiler guruldy.

Welaýatyň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, häzirki döwürde hem Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda dört sany medeni-durmuş maksatly binanyň we desganyň, şol sanda orta mekdebiň, iki hassahananyň we medeniýet öýüniň täze binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem, kuwwaty 1574 MWt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň we Türkmenistan — Owganystan —– Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň welaýatyň çäginden geçýän 214 kilometriniň we onuň ugrunda zerur desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Şonuň bilen birlikde, welaýaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere hem ýol berilýär. Bu aýratyn-da, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek boýunça geçirilýän işlerde duýulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigine garamazdan, şu ýyl Mary welaýaty bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedi. Häzire çenli welaýatyň 3 etrabynda pagta taýýarlamak boýunça meýilnama berjaý edilmedi.

Gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleri ýaramaz guralýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak işleriniň-de talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny belledi. Bu bolsa welaýatda guramaçylyk işleriniň pesdigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hem yzagalaklyga ýol berilýändigi kemçilikleriň hatarynda görkezildi. Welaýatda ilatly ýerler arassa agyz suwy, täze berlen mellek ýerleri, tebigy gaz, elektrik togy bilen doly üpjün edilmeýär. Etraplarda, oba ýerlerinde köprüleri gurmak we abatlamak, olaryň durkuny täzelemek boýunça netijeli işler alnyp barylmaýar. Içerki ýollaryň ýagdaýy hem ýaramaz.

Degişli kararlar esasynda Mary welaýatynyň ilatyny hem ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmek wezipesi goýuldy. Şu maksat bilen, welaýatda 8 ýyladyşhana gurmak bellendi. Emma, häzire çenli olaryň diňe 3-si gurlupdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem jogapkärçilik çekýändigini aýratyn belledi. Olar welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleri bilen bilelikde, işleri talabalaýyk guramaýarlar. Şu sebäpli hem, şeýle kemçiliklere ýol berilýär. Netijede, ilatyň derwaýys meseleleri wagtynda çözülmeýär. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizde bökdençlikleri döredýär.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berildi. Ol welaýatlarda, şol sanda Mary welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işlerine geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde, aýratyn hem şu welaýatda amatly howa ýagdaýynyň bolmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ýeterlik derejede hasyl bar. Amatly howa şertleri 
gozalaryň açylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Seljerme işleriniň barşynda Mary welaýatynda el güýji bilen ýygymy işjeňleşdirmek we gerek ýerinde pagta ýygýan kombaýnlary netijeli ulanmak arkaly ýene-de goşmaça pagta hasylyny almak mümkinçilikleriniň bardygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem diňe bir Mary welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda hem pagta hasylynyň ýeterlikdigi, ony ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň häkimi wezipesine D.Annaberdiýewi belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şeýle hem işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Gulamowy Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Mary welaýatynyň täze bellenen häkimine ýüzlenip, sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Oba Milli maksatnamasyna we kabul edilen beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna giň gerim bilen alyp barmak möhümdir, diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Welaýatda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletde tamamlamak, olaryň hiline, binagärlik keşbine aýratyn üns bermek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Mary welaýatynda soňky ýyllaryň dowamynda 64 müň 500-den gowrak maşgala mellek ýeri berildi. Emma, ilat ösýär, täze maşgalalar döreýär. Şoňa görä-de, mellek alyp, jaý gurunjak raýatlaryň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutup, welaýatyň etraplarynda goşmaça ýer gaznasyny döretmek boýunça teklipleriň taýýarlanmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipeleriň ýerlerde wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin, ilki bilen welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylary gönüden-göni jogap berýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we öňde duran işleriň geljegi uly ugurlaryna ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Siziň bilşiňiz ýaly, Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Maksatnamada Mary welaýatyny ösdürmek boýunça hem möhüm wezipeler bellendi. Welaýatyň ýolbaşçylary bu wezipeleri hem-de Ýaşulularyň maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyly ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak üçin, hususy önüm öndürijilere ýerleri uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça zerur işleri geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Welaýatda geljek ýylyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ylmy esasda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gowaça meýdanlarynda galan hasyly gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmeli. Bugdaý ekişinden boşan we gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny täze ýylyň möwsümine talabalaýyk taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak esasy we möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we welaýatyň toprak-howa şertleriniň aýratynlygyny göz öňünde tutup, suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki çäreleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Suwaryş we şor suw akabalarynda arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmak, ekerançylyk meýdanlarynyň, ýaplaryň we ýollaryň gyralarynda bag nahallaryny ekmek işiň möhüm ugurlary bolup durýar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, azyk howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen, welaýatda gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we miweleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu önümleriň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ýerlemek, täze bazarlary açmak boýunça netijeli işleri ýola goýmagyň wajypdygyny aýtdy.

Ilaty ýylyň dowamynda ter önümler bilen üpjün etmek üçin,welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan döwrebap ýyladyşhanalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz maldarçylygy ösdürmek meseleleri barada durup geçip, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan alynýan ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak we tohumçylyk işini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mekdepleri, çagalar baglaryny, hassahanalary, medeniýet we saglyk öýlerini, sport mekdeplerini hem-de desgalaryny, ýollary, köprüleri ýokary depginler bilen gurmagy dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly we bökdençsiz üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we şahsy kömekçi hojalygy ýöretmek üçin ilata ýeňillikli bank karzlaryny hem-de mellek ýerlerini bermegiň möhümdigini nygtady.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek biziň ählimiziň öňümizde duran belent we jogapkärli wezipedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli raýatlary öz borjuna dogry düşünip, bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde ähli tagallalary etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, Mary welaýatynyň zähmetsöýer we agzybir adamlarynyň bu belent wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli işlejekdigine, ata Watanymyzyň has ýokary sepgitlere ýetmegi, mähriban halkymyzyň mundan-da abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işlerimize mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow türkmen-owgan serhedinden başlanýan we Owganystan Yslam Respublikasynyň Turgundy menziline çekilýän demir ýol şahasynyň gurluşygyna girişmek mynasybetli dabara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer bu işlere girişmäge ak pata bermegini Milli Liderimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisiniň dabaraly çärelere gatnaşjakdygyny belläp, wise-premýere çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen halky eziz Watanymyzyň gazanan ykdysady kuwwatynyň derejesiniň bize goňşy döwletlere, hususan-da, Owganystana ulag düzümini ösdürmäge mümkinçilik berýändigine buýsanmaga haklydyr. Munuň özi biziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyzyň oňyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.