www.mintradefer.gov.tm Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

AWSTRIÝANYŇ KOMPANIÝALARY TÜRKMENISTANDA BILELIKDÄKI TASLAMALARA GYZYKLANMA BILDIRDILER

2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtda ýerleşýän “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi we oňa gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Awstriýanyň wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem söwda, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ulag we logistika, energetika, maşyn gurluşygy, inženerçilik tehnologiýalary, gurluşyk, syýahatçylyk we beýleki ulgamlara ýöriteleşen  24 sany kompaniýanyň wekilleri geldiler. Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta niýetlenen harytlary öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, onuň esasy wezipesi Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmak, milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň wekilleri bilen özara bähbitli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boldy. Awstriýanyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýän türkmen ykdysadyýetiniň hususy bölegi bilen önjeýli gatnaşyklary ýokarlandyrmakda   Awstriýanyň işewürler toparlaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi ýurtlary, aýratyn-da Awstriýa Respublikasy bilen daşary söwda gatnaşyklarynda oňaýly tejribäniň toplanandygyny belläp, maslahata gatnaşyjylar ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek üçin döredilen amatly şertleri nygtadylar.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, telekeçileriniň wekilleriniň Awstriýa Respublikasynyň wekilleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar geljekki netijeli özara gatnaşyklarda ýeketäk platformany kämilleşdirmek üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen anyk duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmekligiň möhümdigini bellediler.

http://www.mfa.gov.tm

Gazetlerimiz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 44 23. Faks: +993 12 93-60-06.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» DLBSF ýük awtoulaglarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan satýar!

Habarlaşmak üçin telefonlar: 75-26-68/75-25-64/75-28-21

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.