Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlara beslenen 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlanyp barýar. Biz uly üstünlikler gazanylan 2017-nji ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy ýokary sepgitlere çykarjak Täze — 2018-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylaýarys.

2018-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça it ýyly. Türkmeniň öý-ojagynyň, mal-garasynyň goragçysy bolan itiň wepadarlygy üçin, halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. «Gut» köne türkmen dilinde «bagt» diýmek.

Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde biz türkmen alabaýy Wepalynyň keşbini saýlap aldyk. Ata-babalarymyz: «It ýyly ek...» diýip, bu ýylyň ygally, hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler.

Hoşlaşýan 2017-nji ýylymyz ýurdumyzyň taryhynda, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylan, buýsançly netijeleriň gazanylan ýyllarynyň biri boldy.

Geçip barýan ýylda il-ýurt bähbitli köp işler bitirildi. Täze desgalar bina edildi. Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprülerini, Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sport toplumyny, Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny, paýtagtymyzda kottejler toplumyny, täze Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumlaryny, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Endokrinologiýa we hirurgiýa merkezini gurup, ulanmaga berdik.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleri we çagalar baglaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, köçeleri, başga-da köp sanly desgalary gurduk. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrjak täze zawod-fabrikleriň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň düýbüni tutduk.

Biz bu işleri mundan beýläk-de dowam ederis. Sebäbi, adam baradaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar geljekde hem baş syýasatymyz bolar.

Iki ýyl mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdik. Bu taslama oňa gatnaşýan ähli ýurtlara ykdysady wezipelerden başga-da, möhüm durmuş meselelerini çözmäge hem mümkinçilik berer.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda hem şu ýyl giň gerimli özgertmeler dowam etdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Netijede, merdana daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, 1 million 100 müň tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyrmagy, bol gök we bakja önümlerini öndürmegi başardylar.

Ýurdumyzyň ösüşine hususy pudagyň uly goşant goşýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Telekeçilerimiz ähli pudaklarda başarnyklaryny görkezip, yhlasly zähmet çekýärler we uly üstünlikleri gazanýarlar.

Hoşlaşýan ýylymyzda saglyk, sport, ylym-bilim ulgamlary hil taýdan täze belentliklere ýetdi.

Biz bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Täze, döwrebap orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini gurýarys. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris. Geljegimiz bolan ýaşlaryň okap, zähmet çekip, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermegi üçin ähli şertleri mundan beýläk-de dörederis.

Häzirki döwürde durnukly ösüş we döwletiň abadançylygy ösen ylma esaslanýar. Şoňa görä-de, ylmyň ösüşini çaltlandyrmak, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion tejribeleriň netijelerini ýokarlandyrmak hemişe biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar.

2017-nji ýylda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp baryldy. Paýtagtymyzda gurlan Olimpiýa şäherçesinde ägirt uly sport çäresi bolan V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Bu oýunlar Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.

Ýylyň başynda biz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassykladyk. Bu Konsepsiýa dünýäde Bitarap Watanymyzyň ornuny has-da berkitmegi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Berkarar döwletimiz geljekde hem oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen öňe gider. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasy biziň bu syýasatymyzyň ykrar edilýändigini doly tassyklaýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen giňden we köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Bitarap döwletimiziň halkara işiniň strategik ugry boldy we şeýle bolmagynda hem galar. Häzirki döwürde Garaşsyz ýurdumyz bu guramanyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar. Şeýle hem Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna bäş gezek saýlandy.

Hoşlaşýan ýylymyzda Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda hem başlyklyk etdi. Bu aýdylanlar Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň mysallarydyr.

Biz ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda möhüm meseleleri hormatly ýaşulularymyz, halkymyz bilen maslahatlaşýarys. Şu ýyl Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda hem berkarar döwletimizi geljek ýedi ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledik. Ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassykladyk.

Eziz watandaşlar!

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Bir hepdeläp dowam eden çäreler gadymy mirasymyzyň, çeper döredijiligiň hem-de milli medeniýetimiziň baýramy hökmünde buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Biz 2018-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda geçireris.

Ýakynda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we sungatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir mysalydyr.

Hormatly watandaşlar!

Toý-dabara bilen garşy alýan 2018-nji ýylymyz hem, nesip bolsa, döredijilikli zähmetiň, uly üstünlikleriň ýyly bolar.

Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär.

Halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly goşant goşýar.

Täze ýylda biz Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisini geçireris. Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, merdana halkymyzyň eşretli, abadan, asuda durmuşda ýaşamagynyň hem-de zähmet çekmeginiň aýdyň ýoluny görkezjek döwletli maslahat ederis.

Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, ertirden, ýagny 1-nji ýanwardan başlap, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrýarys. Bu syýasaty biz geljekde hem yzygiderli dowam ederis.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Ýene-de az salymdan Täze — 2018-nji ýyla gadam basýarys. Goý, Täze ýyl berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin abadançylygyň, uly üstünlikleriň, bagtyýarlygyň ýyly bolsun!

Täze ýylda size berk jan saglyk, halal ojaklaryňyzda agzybirlik we rysgal-bereket arzuw edýärin.

Eziz watandaşlar, Täze — 2018-nji ýylyňyz gutly bolsun!

http://tdh.gov.tm

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.