Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

10-njy ýanwar, 2018. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlendi hem-de ýakyn geljek üçin olaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. 

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny artdyrmak, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de hünärli harby işgärleri taýýarlamak maksady bilen geçen ýyl ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem ministrligiň garamagyndaky düzümlerde işleriň jemleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilmeginiň hormatyna geçiriljek çäreler barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň esasy şerti bolup durýan Garaşsyz Watanymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan berlen bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny aýdyp, amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda möhletli gullugyň serkerdeleriniň we esgerleriniň ýokary hünär taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmegini görkezdi. Olar harby sungatyň tälimlerine kämil derejede eýe bolmalydyr. Ýaş harbylary watançylygyň we mukaddes borja wepalylygyň iň gowy däplerinde terbieýelemek möhüm talap bolup galýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçmek bilen döwlet Baştutanymyz bu baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Soňra Içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamagyň hem-de düzgün bozmalaryň öňüni almagyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, düzümleri döwrebap tehnikalary bilen üpjün etmegiň barşy hakynda habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, olaryň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz möhüm wezipeleriň hatarynda jenaýatçylyga garşy göreşmek we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde berk gözegçiligiň üpjün edilmegini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz IIM-niň işgärleriniň hukuk we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksadynda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýangyna garşy we ýol hereketi howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça çäreleriň geçirilmegine ünsi çekip, degişli düzümleri döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew 2017-nji ýylda garamagyndaky düzümleriň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem serhet goşunlarynyň şahsy düzüminiň ýokary gulluk taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goňşy ýurtlaryň hemmesi bilen hemişelik dostluk serhedi bolup durmalydygyny aýtdy. Harby borjuny ýerine ýetirmek bilen eserdeňligi elden bermeýän serhetçileriň üstüne ýüklenen ägirt uly jogapkärçilige ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz Gullugyň ýolbaşçysyna Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny we watançylyk ruhuny artdyrmagy tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe milli kazyýet edaralarynyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet işleriniň netijeli bolmagy üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi, işgärleriň dürs seçilip alynmagyna yzygiderli ünsüň berilmelidigini aýtdy. Kazyýet edaralarynyň işi döwlet syýasatynyň belent maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp guralmalydyr diýip, milli Liderimiz Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňry çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory B. Atdaýew 2017-njii ýylda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi. Kanunylygyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek şol işleriň esasy ugry bolup durýar. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokuratura edaralary öz işini üstlerine ýüklenen esasy wezipelerden ugur alyp guramalydyr diýip belledi. Kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak maksadynda degişli çäreleri görmek gerek diýip, milli Liderimiz baş prokurora milli we pudaklar boýunça maksatnamalaryň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekdi. 

Soňry milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän ministrliginde alnyp barlan işler hem-de döwletimizi ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolan parahatçylykly ýagdaýy we abadançylygy saklamak maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylan anyk çäreler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda Milli howpsuzlyk ministrliginiň uly ornunyň bardygyny belläp, döwletimiziň milli bähbitleriniň goragynda durýan gullugyň işgärleriniň düzgün-nyzamy berk üpjün etmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ministrlik üçin hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny, harby gullukçylaryň we ministrligiň işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýdy. 

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew degişli döwürde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda amala aşyrylýan ähli çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, döwlet edaralarynyň işgärleriniň arasynda korrupsiýa garşy bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň, olarda korrupsiýa mowzugy boýunça, aýratyn-da oňa garşy göreşmek babatda binýatlaýyn düşünjeleriň bolmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň sebäpleri ýaly meselelere, şeýle hem öňdebaryjy halkara tejribesini ulanyp, korrupsiýa garşy hereket etmegiň usullaryna üns bermek gerekdigini milli Liderimiz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow hormatly Prezidentimiziň ozal beren görkezmeleri we tabşyryklary esasynda geçen ýylda garamagyndaky edarada geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçýän halkara ýükleriniň möçberiniň düýpli artandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigine hem-de ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gullugyň işgärlerine ýüklenen jogapkärçiligiň uludygyny belläp, hünärli işgärleri seçip almak meselelerine ünsi çekdi. 

Adalat ministri B.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň öňe ilerledilişiniň barşy barada, şeýle hem halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny hasaba almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça 2017-nji ýylda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylygyň ulgamlaýyn seljermesini hem-de döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmegiň ygtybarly binýady bolan täze kadalaşdyryjy namalary we teklipleri işläp taýýarlamak boýunça işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şeýle hem düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň hem-de ýurdumyzda güýje giren hukuk resminamalaryny ilata düşündirmegi kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti adalat ministri B.Muhammedowa nobatdaky hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi. 

Ministrligiň ýolbaşçysy öz işine berlen ýokary baha üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, eziz Watanymyza wepalylyk kasamyny aýtdy hem-de Döwlet tuguna tagzym etdi. 

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe alnyp barlan işler hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlary bellige almakda hem-de bikanun migrasiýanyň öňüni almakda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistana Ýerýüzüniň dürli künjeklerinden gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň, jemgyýetçilik-syýasy, işewürler toparlarynyň wekilleriniň hem-de syýahatçylaryň sanynyň artýandygyny belläp, bu ýagdaýyň ýurdumyza, onuň baý taryhyna hem-de häzirki wagtda gazanýan belent sepgitlerine gyzyklanmalaryň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz dürli ýurtlar bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak işine migrasiýa gullugynyň işgärleriniň goşýan goşantlary barada aýdyp, bu ugurda ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de döwletimiziň serhetleriniň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmegiň strategiki esaslaryny kesgitleýän Harby dokrinanyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Şu maksat bilen, täze başlanan ýylda degişli düzümleriň işi milli goşuny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini nazara almak bilen guralmalydyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi. 

Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesi hem özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany döwletimiziň geljekde hem bu ugurda maksatlaýyn çäreleriň görüljekdigini aýdyp, işgärleriň bildirilýän talaplara laýyklykda taýýarlanylmagy barada görkezme berdi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, çäk bitewüligini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny goramak boýunça alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

***

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän serhet galalarynyň birine gelip, onda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. 

Häzirki döwürde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň esasy düzgünlerinden ugur almak bilen, Watanymyzyň edermen goragçylary – Döwlet serhet gullugynyň merdana serhetçileri gury ýerde bolşy ýaly, deňiz çäklerinde, howa giňişliginde mukaddes çäklerimiziň ygtybarly goraglylygyny üpjün edýärler. Olaryň öňünde duran jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda serhet goşunlarynyň bölümleri häzirki zaman ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Serhetçiler täze harby tehnikalary we enjamlary dolandyrmak endiklerine ussatlyk bilen erk edip, ýurdumyzyň serhedinde sak we eserdeň gulluk edýärler. 

Yzygiderli geçirilýän harby-okuw türgenleşikleri goşunyň ähli kysymlarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň hünär başarnygyny görkezýär. Eziz Watanymyzyň dost-doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün edýän serhetçiler harby kasama wepalylygyň ýokary nusgasyny görkezip, ata-babalarymyzyň watançylyk, edermenlik we gahrymançylyk ýaly asylly däplerini mynasyp dowam edýärler. 

Amala aşyrylýan harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny saklamak, harby bölümleriň, şol sanda serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän anyk işler öz oňyn netijelerini berýär. Bu bolsa, öz nobatynda, Watan goragçylaryny öz mukaddes borçlaryny mynasyp ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. 

Ýörite bellenilen meýdançada döwlet Baştutanymyza Döwlet serhet gullugynyň ygtyýaryna gelip gowşan döwrebap we ýokary tehnologiýaly söweşjeň tehniki serişdeleriň, egin-eşikleriň, esbaplaryň we enjamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Hormatly Prezidentimiz olaryň aýratynlyklary we häsiýetnamalary bilen içgin tanşyp, döwletimiziň geljekde hem Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem serhetçileriň döwrebap gulluk etmegi, olaryň maşgala agzalary üçin ähli şertleri döretmek barada alada eder. 

Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, dostluk we doganlyk serhetleri bolup durýan eziz Watanymyzyň çäkleriniň eldegrilmezligini üpjün etmek häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu gün serhetçiler gaýduwsyzlyk görkezip, üstlerine ýüklenen jogapkärli wezipäni abraý we hormat bilen ýerine ýetirýärler. 

Döwlet Baştutanymyz öňde duran işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Häzirki döwürde söweşjeň we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beden taýdan taýýarlyk şahsy düzümi terbiýelemegiň we harby tälimiň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli goşunymyzyň bölümlerinde harby gullukçylary bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek hem-de sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmek maksady bilen, sport işlerini güýçlendirmegiň gerekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň hemmetaraplaýyn taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak meselesine ünsi çekip, bu ugurda degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň serhetleriniň eldegrilmezligini üpjün etmek boýunça esasy talaplaryň biri bolup durýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).
 

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.