Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

12.01.2018. Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer O.Gurbannazarowyň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO gatnaşmagyň dünýä bileleşigine Türkmenistanyň gazanýan döwrebap üstünliklerini görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýurdumyzyň tehnologiýalarynyň, ylmyň işläp taýýarlamalarynyň, harytlarynyň we hyzmatlarynyň daşarky bazarda öňe ilerlemegini üpjün etjekdigini belledi. Milli Liderimiz “EKSPO-2020”-niň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäredigini nygtady.

www.turkmenistan.gov.tm

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.