Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Hormatly Prezidentimiz atly gezelenç etdi

 4-nji fewral, 2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günüdigine garamazdan, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, milli atçylygy ösdürmegiň, köpçülikleýin sporty wagyz etmegiň hem-de öňde boljak möhüm sport wakalaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns berdi. 

Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmak we atly gezelenç etmek bilen meşgullanmaga wagt tapyp, şöhratly pederlerimizden galan bu asylly ýörelgäniň nesilleriň üsti bilen dowamat dowam bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýär. 

Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşyp, Gujurly atly bedewde atly gezim etdi. Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirildi. Milli Liderimiz parasatly öňdengörüjilikli syýasaty bilen Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýar. Ýurdumyzyň ynamly gadamy ýelden ýüwrük bedewleriň badyna meňzedilýär. 

Soňra bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Miras atly bedewe atlanan ogly Serdar bilen köpçülikleýin bedenterbiýe — sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ýeri gelende aýtsak, türkmen Lideri 2017-nji ýylda Miras atly bedewde halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolup, baş baýraga mynasyp bolupdy. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýä ýüzünde sport ýurdy hökmündäki abraýy belende galýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikleri türkmen sportunyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yklymlaýyn ýaryşlara görlen taýýarlyk möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ogly, Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, ýaş parlamentari Türkmenistanyň söweş sungaty milli federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu federasiýanyň wekilleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda ýygyndy toparymyz üçin medallaryň örän köpsanlysyny gazandy. 

Hormatly Prezidentimiz ogly bilen atly gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” Halkara awtoralliniň, welosipedli ýörişiň we ylgaw ýaryşynyň meseleleri boýunça hem pikir alyşdy. Bu ugur boýunça ýaryş milli Liderimiziň teklibi boýunça Beýik Ýüpek ýoly diýlip atlandyryldy. Şeýle hem agyr atletika boýunça paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionaty, 2020-nji ýylda Ýaponiýada boljak Olimpiada Türkmenistanyň toparynyň görýän taýýarlyk işleri dogrusynda gürrüň edildi. Ýurdumyzda geçiriljek sport ýaryşlary “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakalaryna öwrüler. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport ynsan saglygynyň berkidilmeginiň, adamlarda işjeňlik häsiýetiniň ösdürilmeginiň baş şertini emele getirýär. Ýurdumyzda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň döredilmegi hem ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanda iri möçberli bedenterbiýe we sport çärelerine giň gerim berildi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr. 

Soňra döwlet Baştutanymyz çapuw ýodasynda bedewi öz erkine goýberdi. 

Milli Liderimiz özüniň ahalteke bedewlerine bagyşlan eserlerinde ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny belleýär. Türkmen halkynyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlerine goşulmagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. 

Şunlukda, ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini aňladýar. Ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary amala aşyrylýan beýik işleriň, ýagşy dessurlaryň we nurana arzuwlaryň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki, ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni — döredijilikli ruhy göterilişiň eýýamyny alamatlandyrýan ajaýyp keşbe öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atly gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.