Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Awa­za – gülleýşiň türkmen nusgasy

7-nji ap­rel­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da «Azia­da-2017: pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ug­run­da hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly kong­res ge­çi­ril­di. We­kil­çi­lik­li fo­rum Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ne ga­bat­la­nyl­dy. Oňa Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň we­kil­le­ri, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň, hal­ka­ra sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň we gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly myh­man­lar, meş­hur sy­ýa­sy iş­gär­ler gat­naş­dy­lar. 
Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­nyň äh­li­si­ni Türk­me­nis­tan­da kong­re­siň işi­ne gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fo­ru­myň açyk gep­le­şik­ler üçin giň meý­dan­ça bol­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň hem­me­si­ni kong­re­siň işi­niň baş­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we hem­me­le­re üs­tün­lik­li hem-de ne­ti­je­li iş­le­me­gi ar­zuw et­di. 
 Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­ba­ha söz ber­di. Ol ýyg­na­nan­la­ry mü­bä­rek­läp, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­ly­gyň, şol san­da sport ul­ga­myn­da gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin mö­hüm äh­mi­ýet­li hal­ka­ra meý­dan­ça­sy­na öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. 
Öz işi­ne baş­lan kong­re­siň mej­li­si­niň alyp­ba­ry­jy­sy hök­mün­de çy­kyş eden Azia­da-2017 bo­ýun­ça hyz­mat­daş kom­pa­ni­ýa bo­lan «Chan­zo» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Jin Tom­lin öz çy­ky­şyn­da ýyg­na­nan­la­ra Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len ägirt uly iş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di. 
Ha­nym Tom­lin Kong­re­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, türk­men top­ra­gyn­da myh­man­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de gar­şy­la­mak ba­bat­da dö­re­di­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­dir­di we 
çy­kyş et­mek üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze söz ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çy­ky­şy uly üns bi­len diň­le­nil­di we joş­gun­ly el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy. 
«Awa­za» kong­res­ler mer­ke­zin­de fo­rum öz işi­ni umu­my mej­lis gör­nü­şin­de do­wam et­di. On­da Azia­da-2017 bi­len bag­la­ny­şyk­ly anyk me­se­le­le­re ga­ral­dy. 
Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar onuň je­mi­ni jem­läp, Türk­me­nis­ta­nyň V Azi­ýa oýun­la­ry­ny gu­ra­mak me­se­le­le­ri­ne örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hal­ka­ra sport kong­re­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da be­ren gol­da­wy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. 

***
7-nji ap­rel­de Ha­za­ryň ke­na­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan iri sport top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ne ga­bat­la­ny­lyp, tä­ze sport des­ga­la­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly di­ýip yg­lan edi­len şu ýy­lyň aý­dyň wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. 
 Awa­za­nyň dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­ti­ren döw­re­bap sport top­lu­my türk­men tür­gen­le­ri üçin kö­pu­gur­ly okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi­ne tür­gen­le­riň hem-de ýy­gyn­dy to­par­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça taý­ýar­lyk üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na öw­rü­ler. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de iň ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek bo­lar. 
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ýyl­sa­ýyn öz çäk­le­ri­ni gi­ňel­dip, ýur­du­myz­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar we da­şa­ry ýurt­lar­da giň gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Amat­ly ho­wa şert­le­ri hem-de Ha­zar deň­zi­niň ke­nar­ýa­ka­sy­nyň baý şy­pa­ha­na kuw­wa­ty, iň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan we in­no­wa­si­ýa­lar­dan, öň­de­ba­ry­jy bi­na­gär­lik hem-de in­že­ner-teh­ni­ki pi­kir­den ugur alyn­ma­gy, öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek ba­bat­da oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­me­ler ýur­du­my­zyň «de­ňiz mer­je­ni­niň» hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň we şy­pa­ha­na-dynç alyş hem-de spor­tuň yk­rar edi­len mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. 
 
***
 7-nji ap­rel­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­niň hor­ma­ty­na ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ry ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti jem­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky am­fi­teatr­da gu­ra­lan kon­ser­tiň hor­mat­ly to­ma­şa­çy­sy bol­dy.
Dö­re­di­ji­lik çä­re­si Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mä­ge, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni ýaý­ma­ga, mil­le­tiň ru­hy-ah­lak kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sah­na çy­kyp, aja­ýyp çy­kyş­la­ry üçin ar­tist­le­re aý­ra­tyn-da da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ra mä­hir­li min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şu gün­ler biz uly sport baý­ram­çy­ly­gy bo­lan «Azia­da-2017»-ä taý­ýar­lyk gör­ýä­ris, Oýun­la­ryň ny­şan­la­ry tas­syk­la­nyl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň se­na­sy­nyň gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de özü­niň «Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» di­ýen aý­dy­my­ny tek­lip et­di. 
Şol ag­şam döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de aý­dym ýe­ne-de bir ge­zek ýaň­lan­dy hem-de kon­ser­te gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­dy. Baý­ram­çy­lyk ag­şa­my­ny aja­ýyp fe­ýer­werk jem­le­di. Ol gi­je­ki as­ma­ny hem-de Ha­zar deň­zi­niň tol­kun­la­ry­ny müň dür­li öwüş­gin­le­re bes­läp ýag­tylt­dy. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, ol ýer­den ug­ra­dy. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­dy. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de, Mej­li­siň baş­ly­gy­nyň, hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Şon­dan soňt döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aş­ga­ba­da ug­ra­dy.
                                                                                                           

            

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy