Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Döw­let­li tu­tum­lar ro­waç­lyk tapýar

14-nji ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän mi­nistr­lik­le­rin­de we pu­dak eda­ra­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň al­tyn­jy mej­li­si­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew Aş­ga­bat­da ulag ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy we ola­ry abat­la­mak bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler hem-de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da  ha­bar ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew “EKS­PO-2017” hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň bö­lü­mi­niň taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ser­gide ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň dür­li pu­dak­la­ryn­da, şol san­da ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­r gör­ke­zi­ler. 
Mun­dan baş­ga-da ser­gi hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi «Aş­ga­bat-2017» tas­la­ma­sy hem-de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li eks­po­zi­si­ýa­ny be­ze­mek bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri be­rip, «EKS­PO-2017» hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň bö­lü­mi­niň gat­naş­ma­gy ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çek­di we wi­se-prem­ýe­re iri hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­li­şin­de ýur­du­my­zyň ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­me­gi hem-de onuň çäk­le­rin­de işe­wür du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ere­şow gö­zeg­çi­lik ed­ýän se­na­gat pu­da­gyn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, ylym we sport pu­dak­la­ryn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
 Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça şu ýyl Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa mil­li par­la­men­tiň hä­zir­ki wagt­da alyp bar­ýan ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan döw­let gur­lu­şy­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, de­pu­tat­lar dü­zü­mi­niň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. 
 Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri, Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.
 

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy