24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

RÖWŞEN GELJEGE AHALTEKE BEDEWINIŇ BADY BILEN

30-njy ap­rel­de Hal­ka­ra ahal­te­ke atçylyk sport toplumynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Be­hiş­di be­dew­le­riň was­py­ny dün­ýä ýa­ýan bu da­ba­rala­ryň do­wa­myn­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da gu­ra­lan at ça­py­şyk­lar has-da özü­ne­çe­ki­ji bol­dy. Ça­py­şyk­la­ryň je­mi bo­ýun­ça öňe saý­la­nan be­dew­le­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan pul baýraklary gow­şu­ryl­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de at­çy­lyk pu­da­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler baý­ram­çy­lyk da­ba­la­ry­na gat­na­şan her bir adam­da, şol san­da da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry­myz­da ahal­te­ke at­la­ry­na bo­lan buý­san­jy art­dyr­dy. 
Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my my­na­sy­be­tli ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ryň bi­ri hormatly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň VII mej­li­si­dir. Ol 27-nji ap­rel­de ge­çi­ri­lip, şol gün öz işi­ni üs­tün­lik­li ta­mam­la­dy. 
2010-njy ýyl­da dö­re­di­len, ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da dür­li ýurt­la­ryň aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni kö­pelt­mek, bu to­hu­my kä­mil­leş­dir­mek, onuň aja­ýyp to­hum­çy­lyk we sport hä­si­ýet­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan at­çy­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. 
Ka­şaň “Oguz­kent” myh­man­ha­na­sy fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry we myh­man­la­ry baý­ram­çy­lyk ly­ba­syn­da gar­şy­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň işi­ne gat­na­şyp, ol ýer­de söz söz­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çy­ky­şy fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar we myh­man­lar ta­ra­pyn­dan uly üns bi­len diň­le­nil­di we şow­hun­ly el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy.
 *** 
28-nji ap­rel­de Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ýet­gin­jek ça­pyk­su­war­la­ryň bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Bu at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ýet­gin­jek ça­pyk­su­war­la­ryň bäs­le­şi­gi­niň ge­çi­ril­me­gi mil­li at­şy­nas­ly­gyň köpasyr­lyk şöh­rat­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar,  Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­na­şy­jy­lar hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ne göz ýe­tir­di­ler. Olar 600 aty ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge ni­ýet­le­nen Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my we bu ýer­de ýo­la goý­lan iş­ler bi­len iç­gin tan­şan­la­ryn­dan soň, nus­ga­lyk de­re­je­de gur­lan Aba An­na­ýew oba­sy­na ba­ryp gör­dü­ler. 
*** 
 29-njy ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da “Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi” at­ly hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň hem-de be­hiş­di be­dew­le­riň gö­zel­li­gi­ni çe­per be­ýan et­mek ug­run­da su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, di­zaý­ner­le­riň, te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­tou­la­gy Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ge­lip sak­lan­dy. Bu ýer­e ýyg­na­nan­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy şow­hun­ly el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.
 Alyp­ba­ry­jy da­ba­ra­nyň baş­la­nan­dy­gy­ny yg­lan ed­ýär. At­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän­di­gi, türk­men be­dew­le­ri­ne we ola­ryň bü­tin dün­ýä­de şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi üçin çäk­siz ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz­dan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni sow­gat al­ma­gy­ny ha­ýyş ed­ýär­ler. Soňra alyp­ba­ry­jy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den  ýur­du­my­zyň äh­li at­şy­nas­la­ry­nyň adyn­dan sow­ga­dy ka­bul et­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýär. Meý­dan­ça­da aja­ýyp be­dew peý­da bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň halk at­şy­na­sy, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň seý­si Baý­ram­gel­di Hy­dy­row hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze 2015-nji ýyl­da dog­lan Gu­jur­ly at­ly be­de­wiň pas­por­ty­ny gow­şur­ýar. Ol Güýç­na­zar we Kiş­mi­ri di­ýen at­la­ryň nes­lin­den­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ata at­lan­ýar hem-de be­dew bi­len bir­nä­çe öw­rüm edip, ata erk et­me­giň us­sat­ly­gy­ny gör­kez­ýär. At ça­pyk­su­wa­ryň em­ri­ne ma­ýyl bo­lup, dür­li he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär we to­ma­şa­çy­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar. To­ma­şa­çy­la­ryň şow­hun­ly el­çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz at­dan düş­ýär we öz ýe­ri­ne bar­ýar.
Soň­ra alyp­ba­ry­jy ha­ly­pa ça­pyk­su­war­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da at ça­py­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni yg­lan ed­ýär. Ça­py­şy­ga Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň seý­si Mak­sat­my­rat Aga­my­ra­dow özü­niň Bar­se­nal di­ýen be­de­wi hem-de At­ça­par Ba­ja­mow Gyr­gy di­ýen aty bi­len gat­naş­ýar. Bal­kan we­la­ýa­ty­na Baý­my­rat Mäm­me­dow Gud­rat­ly at­ly be­de­wi, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­na se­ýis Tä­ze­baý Go­şa­ba­ýew Al­çe­pe at­ly be­de­wi bi­len we­kil­çi­lik ed­ýär. Şeý­le hem ça­py­şy­ga Le­bap at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň hü­när­me­ni Ro­zy­my­rat Gur­ba­now Kö­pe­ler di­ýen be­de­wi we Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň döw­let at­ha­na­sy­nyň at­ba­ka­ry Bä­şim Ro­zy­ýew Pä­him­li di­ýen be­de­wi bi­len gat­naş­ýar­lar.
...Soň­ra meý­dan­ça Mi­ras at­ly be­de­w çy­karyl­ýar. Onuň öňün­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ag­ty­gy Ke­rim­gu­ly bar­ýar. Ol 2015-nji ýyl­da ýet­gin­jek ça­pyk­su­war­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de il­kin­ji ýe­ňi­ji bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şeý­le ýa­ryş­lar in­di ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­de­wi bi­len ha­ly­pa ça­pyk­su­war­la­ryň to­pa­ry­na go­şul­dy. Ça­py­şy­ga ba­dal­ga ber­len ba­dy­na be­dew­ler öňe ok­du­ryl­dy. Ýel­den ýyn­dam be­dew­le­riň ara­syn­da çe­ke­le­şik­li ýa­ryş do­wam et­di. 7-nji bel­gi­de çy­kyş ed­ýän mil­li Li­de­ri­miz iň soň­ky öw­rüm­de aty­nyň ba­dy­ny has güýç­len­dir­di we öňe saý­la­nyp baş­la­dy, soň­ra bol­sa beý­le­ki ha­ly­pa ça­pyk­su­war­lar­dan ara­ny has-da aç­dy hem-de haý­ran gal­dy­ry­jy ne­ti­je bi­len pel­le­ha­na gel­di. Ne­ti­je – 1 mi­nut 25 se­kunt!
 Öň­den gel­ýän dä­be gö­rä, ýa­şu­lu­lar ça­py­şyk­da il­kin­ji bo­lup ge­len atyň boý­nu­na gy­ňaç daň­dy­lar, ar­ka­sy­na aja­ýyp ha­ly ýap­dy­lar.
Soň­ra alyp­ba­ry­jy “Ýy­lyň iň owa­dan ahal­te­ke be­de­wi” at­ly hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­nyň baş­lan­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ry­na çy­kan iň go­wy ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ser­gi-ýö­ri­şi ge­çi­ril­di we bäs­le­şi­giň je­mi­ni jem­le­me­giň wag­ty ge­lip ýet­di.
 Fran­si­ýa­nyň ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Tat­ýa­na Fol­let Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­dan Me­le­guş di­ýen me­le atyň ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si diý­lip yg­lan edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Baş baý­ra­gy­na we göç­me Ku­bo­ga eýe bol­dy.
Soň­ra baý­ra­gy gow­şur­mak üçin ha­ly­pa ça­pyk­su­war­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ça­gy­ryl­dy.
Emin­ler to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş baý­ra­ga - “Toyo­ta Land Crui­ser Pra­do” aw­tou­la­gy­na my­na­syp bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za aw­tou­la­gyň aça­ry gow­şu­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu gün­ki da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­si­niň, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň we beý­le­ki da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ady­na baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk sö­zü­ni aýt­dy.
Ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da “Öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýen aý­dy­myň ru­hu­be­lent­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy. 
 ***
 Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da gur­lan Hal­ka­ra ka­ran­tin mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy hem Türkmen bedewiniň baýramyna ga­bat­lan­dy. 
 Ge­çen ýyl be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň hor­ma­ty­na gu­ra­lan da­ba­ra­la­ryň mak­sat­na­ma­sy Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­myn­da kon­kur ma­ne­ži­niň, şeý­le hem Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň “Kä­ri­zek” ge­ňeş­li­gin­de gur­lan Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň we Aba An­na­ýew oba­sy­nyň açyl­ma­gy­ny öz içi­ne al­dy. Şu ýyl bol­sa 120 baş aty sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen Hal­ka­ra ka­ran­tin mer­ke­zi ýur­du­my­zyň at­çy­lyk pu­da­gy­nyň dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.        
 Ýur­du­myz­da Hal­ka­ra ka­ran­tin mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy to­hum we sport at­çy­ly­gy­nyň top­lum­la­ýyn dü­zü­mi­ni has-da ös­dür­mek­de, türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak­da, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­dy.  

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy