Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Milli Liderimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi boýunça anyk tabşyryklary berdi

5-nji maý­da hormatly Prezidentimiz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne hem-de mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ne se­re­dil­di. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň ba­şyn­da ýur­du­myz­da her ýyl giň­den we da­ba­ra­ly bel­len­ýän Ýe­ňiş gü­nü­niň ýe­tip gel­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ry we ola­ryň üs­ti bi­len tu­tuş hal­ky­my­zy, mer­da­na uruş we­te­ran­la­ry­my­zy, tyl­da yh­las bi­len zäh­met çe­ken il­deş­le­ri­mi­zi Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 72 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, uzak ömür, asu­da, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş ar­zuw et­di. 
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa söz ber­di. Ol Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­ny yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy mak­sat­la­ry­ny we we­zi­pe­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça par­la­men­tiň alyp bar­ýan iş­le­ri, şeý­le hem 16-njy maý­da «Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy – ösü­şiň hu­kuk bin­ýa­dy» at­ly Hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Soňra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­rlary B.Ho­ja­mäm­me­dow,  M.Ba­ba­ýew, D.Aman­gel­di­ýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­diler. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň se­na­gat me­se­le­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry­nyň we­zi­pe borç­la­ry­ny wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi D.Aman­gel­di­ýe­wiň üs­tü­ne ýük­le­ýän­di­gi­ni aý­dyp, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize 3-nji maý­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ga­zak to­pa­ry­nyň do­ku­zyn­jy mej­li­si­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew Ha­zar deň­zi­niň ke­nar­ýa­ka­syn­da top­ra­gy aras­sa­la­mak bo­ýun­ça tek­lip edil­ýän tas­la­ma ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu işi «Ga­zyk» hu­su­sy kär­ha­na­syn­dan, «Ha­zar Ba­lyk» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­tin­den hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Glo­bal Eko­lo­ji­kal Wen­çers» kom­pa­ni­ýa­syn­dan yba­rat kon­sor­si­um ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Şeý­le hem wi­se-prem­ýer şu ýy­lyň 10-njy iýu­nyn­dan 10-njy sent­ýabry ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän «EKS­PO-2017» hal­ka­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­sin­de taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şy ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di. 29-njy iýun­da ser­gi­niň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gü­nü­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 
Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da, hu­su­san-da, Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn çä­re­ler ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di. 
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti­niň tä­sin eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­na eýe­di­gi­ni bel­le­di. Ha­zar deň­zi­niň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si aýaw­ly çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär. Türk­me­nis­tan bu ugur­da öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry ta­kyk ber­jaý ed­ýär hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy, Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy, Bü­tin­dün­ýä eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we gaz­na­la­ry bi­len bi­le­lik­de te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ha­za­ryň te­bi­gy gur­şa­wy­nyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny ho­ja­lyk işi­niň we teh­no­gen ýag­daý­la­ryň ýa­ra­maz tä­si­rin­den go­ra­mak üçin anyk çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu ba­bat­da tek­lip edil­ýän tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň oňyn ne­ti­je­le­ri ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýe­riň be­ýan eden tek­li­bi­ni ma­kul­lap, oňa bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­ma­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy­nyň di­ňe fo­ru­myň esa­sy mow­zu­gy - «Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy» di­ýen mow­zu­gy şöh­le­len­dir­mek däl-de, eý­sem, «EKS­PO-2017»-de Türk­me­nis­ta­nyň aý­dyň, tä­sir­li keş­bi­ni dö­ret­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ser­gi­niň türk­men bö­le­gi­niň şy­ga­ry hök­mün­de «Te­bi­gat – ener­gi­ýa­nyň tü­ke­nik­siz çeş­me­si» di­ýen şy­ga­ry hem-de ny­şan­la­ryň gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ni ma­kul­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu çä­rä ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.  
Mil­li Li­de­ri­miz Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň işi ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, bu dü­zü­miň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. 
Ýur­du­my­zyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri­ni has iş­jeň ýer­le­mek mak­sa­dy bi­len köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de hem-de dün­ýä ba­zar­la­ryn­da mag­lu­mat-mar­ke­ting işi bo­ýun­ça bir­ža­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni ýo­la goý­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da anyk çä­re­le­ri gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew 12-14-nji maý­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da ýer­leş­ýän aram­gä­hi­ne zy­ýa­ra­ty­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew oba ho­ja­ly­gyn­da öz­gert­me­le­riň ge­çi­ri­li­şi, we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­nyň beý­le­ki kä­bir mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.