24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Ha­lal­ly­gyň we zäh­met­sö­ýer­li­giň nus­ga­sy

12-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da pu­dak­la­ryň ge­çen dört aý­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri jem­len­di, döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri, we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň we et­rap­la­ryň hä­kim­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we beý­le­ki gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gatnaş­dy.
Mej­lis­de wi­se-prem­ýer­ler, mi­nistr­le­riň kä­bir­le­ri, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler hem-de ola­ryň işi­ne ba­ha be­ril­di. Mej­li­siň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz düýp­li bel­lik­le­ri we ta­lap­la­ry be­ýan edip, ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň öňün­de ýa­kyn dö­wür üçin anyk we­zi­pe­le­ri goý­dy. Şeý­le hem ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak barada­ky me­se­lä ga­ral­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň baş­ly­gy­na we beý­le­ki ýol­baş­çy­la­ra söz ber­di. Olar ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da­ky ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di­ler. 
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew söw­da top­lu­my­nyň hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz ul­ga­my­nyň şu ýy­lyň ýan­war-ap­rel aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça söw­da do­la­ny­şy­gy 1 mil­liard 503,6 mil­li­on ma­na­da ba­ra­bar bol­dy, şol san­da bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy 601, 2 mil­li­on ma­na­da deň bo­lup, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 16,7 gö­te­rim art­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de 33,5 mil­li­on ma­nat­lyk ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­di­ril­di.

Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de bir­ža söw­da­la­ry­nyň 80-si ge­çi­ri­lip, umu­my ba­ha­sy 7,4 mil­liard ma­na­da deň bo­lan şert­na­ma­la­ryň 3858-si ha­sa­ba alyn­dy. Şol şert­na­ma­la­ryň umu­my möç­ber­de ha­ryt­la­ryň eks­por­ty we im­por­ty bi­len bag­ly şert­na­ma­la­ryň ba­ha­sy 6,3 mil­liard ma­na­da ba­ra­bar bol­dy.
Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bo­ýun­ça 6,28 mil­li­on ma­nat­lyk hyz­mat iş­le­ri ama­la aşy­ryl­dy. Ga­za­ny­lan peý­da 2,1 mil­li­on ma­nat bo­lup, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 8,5 gö­te­rim art­dy.
Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça 173 mil­li­on ma­nat­ly­ga ba­ra­bar se­na­gat önüm­le­ri, 298,3 mil­li­on ma­nat­lyk oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri ön­dü­ri­lip, ola­ryň möç­be­ri de­giş­li­lik­de 32,6 gö­te­rim we 26,4 gö­te­rim art­dy. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­niň möç­be­ri 1,1 mil­liard ma­nat­dan gow­ra­ga deň bol­dy. Söw­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy 3,7 mil­liard ma­na­da deň bo­lup, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 12,6 gö­te­rim art­dy. Hyz­mat ul­ga­myn­da 321,6 mil­li­on ma­nat­lyk iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, onuň möç­be­ri 14,9 gö­te­rim art­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki wagt­da söw­da işi­niň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ge­ri­mi­niň gi­ňel­ýän­di­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýän­di­gi­ni, ýö­ne eks­por­tuň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da en­tek ga­ra­şyl­ýan ne­ti­jä­niň ga­za­nyl­ma­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz söw­da ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, eks­port ugur­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­de te­le­ke­çi­li­gi iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi bo­ýun­ça edi­len ha­sa­bat­la­ry jem­le­di.
Ýur­du­myz­da şu ýy­lyň dört aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, bar bo­lan içer­ki me­se­le­le­re we dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýag­da­ýy bi­len bag­ly bir­nä­çe kyn­çy­lyk­la­ra ga­ra­maz­dan, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry ösüş dep­gi­ni­ni sak­lap gel­ýän­di­gi­mi­zi gör­kez­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Şu dö­wür­de ýur­du­myz­da je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­niň ar­ty­şy 6,2 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, biz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­na gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gy ba­şar­dyk. Zäh­met hak­la­ry­nyň möç­be­ri hem 9,1 gö­te­rim kö­pel­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da umu­my ba­ha­sy 45 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan 1 müň 900-e go­laý iri des­ga­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Şol des­ga­la­ryň 1 müň 800-e go­la­ýy­ny öz gur­lu­şyk kär­ha­na­la­ry­myz gur­ýar.
Dört aýyň do­wa­myn­da göz öňün­de tu­tu­lan se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň äh­li­si gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. 
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ti­miz hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mä­ge gol­daw ber­mek, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ni yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­ga giň­den çek­mek sy­ýa­sa­ty­ny do­wam ed­ýär. Bu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li däl bö­le­gi­niň je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­dä­ki pa­ýy dur­nuk­ly art­ýar. Bu gör­ke­zi­ji hä­zir­ki dö­wür­de 62,2 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de biz ylym, bi­lim ul­gam­la­ryn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, ne­bit­gaz top­lu­myn­da, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar­da we beý­le­ki ugur­lar­da iri sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys. Bu öz­gert­me­le­riň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak­dyr. Şeý­le hem dur­muş mak­sat­la­ry­na gö­nük­di­ri­len ba­zar yk­dy­sa­dy­ýet­li de­mok­ra­tik, dün­ýe­wi, hu­kuk döw­le­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­mek, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di we mej­li­siň gün ter­ti­bi­niň in­di­ki me­se­le­si­ne geç­di.
Hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy bi­len bir­lik­de, pa­ra­hor­luk we kor­rup­si­ýa ýa­ly örän ýa­ra­maz tä­sir­li me­se­le­ler ýü­ze çy­kyp baş­la­dy. Jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň bu ha­dy­sa­la­ry yk­dy­sa­dy­ýet­den baş­lap, ah­la­ga çen­li, bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň dür­li ugur­la­ry­na örän ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Pa­ra­hor­luk we kor­rup­si­ýa döw­let eda­ra­la­ry­ny we jem­gy­ýe­ti er­bet ne­ti­je­le­re ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi bök­del­ýär. Döw­le­tiň ösüş ýo­lun­da düýp­li päs­gel­çi­lik­ler dö­re­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da hem, beý­le­ki çy­kyş­la­ryn­da hem bi­ziň şeý­le ýa­ra­maz he­re­ket­le­riň öňü­ni al­jak­dy­gy­my­zy bel­läp ge­çen­di­gi­ni ýat­lat­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, eýe­le­ýän we­zi­pe­si­ne ga­ra­maz­dan, şeý­le ýa­ra­maz he­re­ket­le­ri ed­ýän­le­riň äh­li­si­niň jo­gap­kär­çi­li­ge çe­kil­jek­di­gi­ni, döw­let iş­gär­le­rin­den, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­rin­den öz we­zi­pe borç­la­ry­ny ak ýü­rek­den we ha­lal ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri­niň ta­lap edil­jek­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­tan­dy­gy­ny aý­dyp, olar üçin Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­niň äh­li zat­dan ýo­ka­ry bol­ma­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­dy.

Şu ýa­ra­maz ha­dy­sa­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň or­ny has-da uly bol­ma­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy esas­la­ry­nyň dur­nuk­ly bol­ma­gy, şeý­le hem ama­la aşy­ryl­ýan re­for­ma­la­ryň we öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­li bol­ma­gy hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar ul­ga­my­nyň ta­la­ba­la­ýyk, ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ne köp de­re­je­de bag­ly­dyr. Hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­sy ile­ri tu­tul­ýan ug­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga, kor­rup­si­ýa, ter­ror­çy­ly­ga we ekst­re­miz­me, ne­şe­le­riň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na gar­şy gö­reş­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir. Ra­ýat­la­ry­my­zyň öm­rü­ni, sag­ly­gy­ny we em­lä­gi­ni je­na­ýat­çy­lyk­ly kast edil­me­gin­den go­rap sak­la­ma­ga, ola­ryň kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­ga ni­ýet­len­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aý­ra­tyn bel­le­di.
Aras­sa, ha­lal iş­le­mek, eziz Wa­ta­ny­my­za päk ýü­rek­den gul­luk et­mek bi­ziň hem­mä­miz üçin baş ýö­rel­ge bol­ma­ly­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz pa­ra­hor­lu­ga we kor­rup­si­ýa gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len bi­le­lik­de gys­ga wagt­da Kor­rup­si­ýa we pa­ra­hor­lu­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy we tas­syk­la­mak üçin ber­me­gi tab­şyr­dy. Bu Mak­sat­na­ma bi­ziň döw­let gur­lu­şy­my­zyň mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­ma­ly­dyr.
  Ata-ba­ba­la­ry­myz ak ýü­rek­li we ha­lal zäh­met çe­kip, ha­lal ýa­şa­mak ba­ra­da bi­ze köp san­ly öwüt-ün­dew­le­ri, na­kyl­la­ry, pä­him­le­ri mi­ras go­ýup­dyr­lar. Biz hem, öz no­ba­ty­myz­da, ha­lal­ly­gyň, zäh­met­sö­ýer­li­giň nus­ga­sy bo­lan pe­der­le­ri­mi­ziň my­na­syp ne­sil­le­ri bol­ma­ly­dy­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Be­ýik akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem «Älem iç­re adam gal­maz, at ge­zer» di­ýip­dir. Dün­ýä­de ha­lal zäh­me­ti, ak­ýü­rek­li­li­gi bi­len özi ba­ra­da ýag­şy at gal­dyr­mak her bir yn­sa­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr. Be­ýik pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­rat­ly ýo­lu­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn my­na­syp bo­lup do­wam ede­liň! Ha­lal we yh­las­ly zäh­me­ti­miz bi­len eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şup, at-ab­raý ga­za­na­lyň! – di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni jem­läp, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny we uly üs­tün­lik­le­ri, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy