24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

«Söw­da we hyz­mat–2017» atly sergi-ýarmarkasyny geçirmeklige taýýarlanylýar

18-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ugur­la­ry­na, mö­hüm çä­re­le­re we iri pu­dak­la­ýyn mas­la­hat­la­ra gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň bar­şy­na se­re­dil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ho­ja­mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew Türk­me­nis­ta­nyň VIII hal­ka­ra Gaz kong­re­si­ne hem-de oňa ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gä gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Fo­rum 23-24-nji maý­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­ler.

 Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän gur­lu­şyk, elekt­roe­ner­ge­ti­ka we ýol-gur­lu­şyk ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de türk­men paý­tag­ty­ny aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­dä­ki iş­ler hem-de Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­ly­gyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­men-be­la­rus işe­wür­ler mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk hem-de «Söw­da we hyz­mat – 2017» at­ly ser­gi-ýar­mar­kasy­ny ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Beý­le­ki ýurt­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­men-be­la­rus işe­wür­ler mas­la­ha­tyn­da oba we je­ma­gat ho­ja­ly­gy, aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gy, elekt­rik en­jam­la­ry­ny, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, dur­muş­da ula­nyl­ýan teh­ni­ka­la­ry, azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek hem-de res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­gam­la­ryn­da we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly eks­port hem-de ma­ýa go­ýum kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak üçin hal­ka­ra ser­gi­le­ri we işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry­ny gu­ra­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le çä­re­le­riň dün­ýä ba­za­ryn­da türk­men önüm­le­ri­ni iler­let­mä­ge, ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bäs­deşli­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­ly önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-be­la­rus işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň hem-de «Söw­da we hyz­mat – 2017» at­ly ser­gi-ýar­mar­kasy­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Aý­dog­dy­ýew Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ram­çy­ly­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri, bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li her ýyl­da ge­çi­ril­ýän “Gö­zel­lik nus­ga­sy — türk­men ha­ly­sy” at­ly Hal­ka­ra ser­gi­ni we onuň çäk­le­rin­de Türk­men ha­ly­şy­nas­la­ry­nyň bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň XVII mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ga­ra­ja­ýew 29-31-nji maý­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy we gal­la ora­gy­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­rin­de okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li, däp bo­lan “Soň­ky jaň” da­ba­ra­sy­na, şeý­le hem Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň gu­ral­ma­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz be­ril­di. Wi­se-prem­ýer Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di, onuň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça do­gan­lyk hal­ky­na sow­gat hök­mün­de Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ga­gau­zi­ýa Aw­to­nom-çäk bir­li­gi­niň Wul­ka­neşt et­ra­by­nyň Çiş­mi­ki­oý oba­syn­da bi­na edi­len “Dost­luk” ça­ga­lar ba­gy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak bo­ýun­ça mil­li par­la­men­tiň alyp bar­ýan işi ba­ra­da ha­bar ber­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýe­we söz be­ril­di. Ol ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­na “Kor­rup­si­ýa gar­şy gö­reş­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
 2017-nji ýy­lyň «Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­li­dik­le­ri­ni bel­le­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­sin­de mö­hüm me­se­le­le­riň baş­ga-da bir­nä­çe­si­ne ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
 Mej­li­siň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len ýe­ne bir ýo­la gut­la­dy we ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler­de, mö­hüm we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy