24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Ýe­ňiş­le­riň bin­ýa­dy

Ýur­du­myz­da gur­al­ýan dür­li ugur­da­ky sport bäs­le­şik­le­ri­niň sa­ny gün-gün­den kö­pel­ýär. Ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra tür­gen­le­ri­miz hö­wes bi­len gat­na­şyp, tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ýar­lar. Bu bol­sa tür­gen­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra are­na­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de öz­le­ri­ni gör­kez­megine uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry tür­gen­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki taý­ýar­lygyny aý­dyň­ly­gy bi­len gör­ke­zer.
 
62 döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da spor­tuň 21 gör­nü­şi boýunça  ge­çi­ril­jek Aş­ga­bat Azia­da­syn­da çy­kyş et­jek türk­men tür­gen­le­ri hä­zir­ki wagt­dan ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler. 

Ýa­kyn­da Ba­ku­da ge­çi­ri­len IV Ys­lam raý­daş­lyk oýun­la­ryn­da ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň dür­li öwüş­gin­dä­ki me­dal­la­ryň 13-si­ne my­na­syp bo­lan­dyk­la­ry Azi­ada – 2017-ä oýun­la­ry­na yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 
 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy