24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

AZIA­DA – 2017-niň MA­HA­BA­TY DÜN­ÝÄ ÝA­ÝYL­ÝAR

Mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin “Eu­ro­news”, Hy­ta­ýyň CCTV, Ros­si­ýa-24 ýa­ly dün­ýä bel­li te­le­ýaý­lym­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 
Mil­li elekt­ron köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry ýurt­la­ryň mil­li olim­pi­ýa ko­mi­tet­le­ri­niň hem-de Hal­ka­ra sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň web-se­riş­de­le­ri­ni iş­jeň peý­da­lan­mak, şeý­le hem You­tu­be, Facebook, twit­ter, ins­tag­ram we beý­le­ki hal­ka­ra dur­muş ul­gam­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak bel­le­nil­di. 
Azi­ýa oýun­la­ry­ny giň­den be­ýan et­mek­de ta­nyş­dy­ryş­la­ry few­ral aýyn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Sap­po­ro şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Gyş­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da, Ga­za­gys­ta­nyň Al­ma­ty şä­he­rin­de ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýä gyş­ky uni­wer­sia­da­da, iýul aýyn­da Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku­da ge­çi­ril­jek Ys­lam sport oýun­la­ryn­da we beý­le­ki iri çä­re­le­riň bar­şyn­da, BMG-niň Nýu-Ýork­da­ky we Že­ne­wa­da­ky ştab-kwar­ti­ra­la­ryn­da ser­gi­le­ri we ta­nyş­dy­ryş­la­ry ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. 
Mak­sat­na­ma­la­ýyn me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da hal­ka­ra me­dia-fo­rum­la­ry, met­bu­gat mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mä­ge, Azia­da-2017-ä ba­gyş­la­nan ýö­ri­te sa­hy­pa­la­ry dür­li žur­nal­lar­da we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çap et­mä­ge taý­ýar­la­nyl­ýar.
 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy