Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä barýan ýolda...

Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň çä­gin­de ge­çi­ril­jek tans spor­ty bo­ýun­ça 2017-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da baş­la­ýan ýa­ryş ýer­li jan­kö­ýer­le­riň bar ün­sü­ni özü­ne çe­ker. Dört ýyl­da bir ge­çi­ril­ýän ýa­ry­şa ýer eýe­le­ri­niň adyn­dan 10 tür­gen gat­na­şar. Ola­ryň ara­syn­da iň tej­ri­be­li­si 29 ýaş­ly Alek­sandr Si­se­kin­dir. Ol bir­nä­çe hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re gat­na­şyp, 2014-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len tans spor­ty bo­ýun­ça bäs­le­şik­de kü­müş me­da­ly ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 

Ge­çen ýyl Alek­sandr 22 ýaş­ly Wa­le­ri­ýa Ne­pom­na­şa­ýa bi­len bi­le­lik­de Azia­da gat­naş­mak üçin ge­çi­ri­len saý­lap-se­çiş tap­gy­ryn­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Öňü­miz­dä­ki sent­ýabr aýyn­da­ky ýa­ryş­da Alek­sandr bi­len Wa­le­ri­ýa la­tyn tans­la­ry bo­ýun­ça çy­kyş eder­ler. 

Alek­sandr to­pa­ryň iň tej­ri­be­li tans­çy­sy bol­ýan bol­sa, Meý­lis Ata­ba­ýew tä­ze tür­gen­le­riň bi­ri­dir. Ol tans spor­ty bi­len iki ýyl bä­ri meş­gul­lan­ýar we eýýäm üs­tün­lik ga­zan­ma­gy-da ba­şar­dy. Meý­lis bi­len çy­kyş ed­ýän Li­di­ýa Go­go­le­wa bol­sa tan­sa 5 ýa­şyn­dan bä­ri gat­na­ýar. Ýe­tip gel­ýän sent­ýabr­da­ky Oýun­lar­da Meý­lis bi­len Li­di­ýa jaýw we ha­ýal fokst­rot bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da çy­kyş eder­ler. Ah­met Gy­ly­jow bi­len Anas­ta­si­ýa Ýu­ža­ko­wa tan­go we pa­sa­dobl bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra gat­na­şar­lar, Ni­ki­ta Swýa­te­lik bi­len Ma­ri­ýa Kor­ça­gi­na sam­bo we wals­da öz ukyp­la­ry­ny gör­ke­zer­ler. Ta­hyr Şe­be­kow bi­len Dar­ýa Go­ko­wa – 25-26-njy sent­ýabr­da Ta­ek­won­do we tans sport are­na­syn­da tans spor­ty bo­ýun­ça ýa­ryş­da Türk­me­nis­ta­nyň adyn­dan çy­kyş et­jek 5-nji tans­çy to­pa­ry­dyr. 
***
Ýe­ňil at­le­ti­ka top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ry­şy «Aş­ga­bat 2017»-niň ýat­dan çyk­ma­jak gy­zyk­ly ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­ler we on­da Azi­ýa­nyň iň çak­gan tür­gen­le­ri bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň adyn­dan iki sa­ny sprin­ter tür­gen: Ali­şer Sa­dul­la­ýew we 

Wa­len­ti­na Me­re­do­wa çy­kyş eder­ler.
Iň go­wy ne­ti­je (60 metr ara­ly­gy 6,6 se­kunt­da ge­çen Ali­şer Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­ty­na 27-nji ýan­war­da go­şul­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ňil at­le­ti­ka to­pa­ry­nyň ag­za­sy bo­lan 33 ýaş­ly Wa­len­ti­na to­pa­ryň uly ýaş­ly we tej­ri­be­li tür­ge­ni­dir. Ol 2008-nji ýyl­da Pe­kin­de ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da, 3 sa­ny Ýa­pyk bi­na­lar­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýe­ňil at­le­ti­ka çem­pio­nat­la­ryn­da (2006, 2008 we 2016), üç sa­ny üs­ti açyk des­ga­lar­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da (2005, 2007 we 2015) we iki sa­ny Azi­ýa oýun­la­ryn­da (2006 we 2014) çy­kyş et­di. 

Mun­dan baş­ga-da, Bag­ty­ýar Ro­zy­ýew be­ýik­li­gi­ne bök­mek we üçür­dik­läp bök­mek gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň adyn­dan çy­kyş eder. Ro­zy­ýew 7.04 metr be­ýik­li­gi­ne bök­mek we 14,85 metr üçür­dik­läp bök­mek bo­ýun­ça re­kords­men­dir.

 Beg­my­rat Mak­ga­ýew, Eziz Sä­het­ny­ýa­zow (iki­si hem 400 m) we Per­hat An­na­gy­ly­jow (1500 m) da­gy­ Aş­ga­bat 2017-niň oýun­la­ry­na gat­naş­ýan türk­men to­par­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne gi­rer­ler. Ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­lar 18-20-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da ýe­ňil at­le­ti­ka top­lu­myn­da ge­çi­ri­ler. 
***
Sent­ýabr aýyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň at­ly spor­tuň kon­kur gör­nü­şi bo­ýun­ça bäş sa­ny tür­gen Türk­me­nis­ta­nyň adyn­dan çy­kyş eder. Mil­li to­pa­ryň dü­zü­mi­ne dür­li ugur­lar­dan ge­len dört sa­ny er­kek we ze­nan tür­ge­niň bi­ri gir­ýär. Ez­ber Ba­ba­ly­ýew özü­niň 32 ýa­şy­nyň için­de at­ly spor­tuň kon­kur gör­nü­şi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň iň tej­ri­be­li tür­gen­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Beg­li Ga­ra­ja­ýew­den, Ni­ko­laý Beg­lar­ýan­dan, Han­jar Gy­şy­kow­dan hem-de Fa­dil­ýa Za­ri­po­wa­dan hem ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re ga­ra­şyl­ýar. At­ly spor­tuň kon­kur gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş 21-23-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da At­çy­lyk sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­ler. 
 

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy