24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär

Golaýlap gelýän ägirt uly taryhy wakanyň “Aşgabat 2017”-niň resmi hyzmatdaşlarynyň sany barha artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene-de bir resmi hemaýatkäri boldy. Bu kompaniýa ýükleri daşamak hem-de dürli senagat pudaklary boýunça toplumlaýyn logistika ýaly hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýän tejribeli işewür hyzmatdaş hökmünde meşhurdyr. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde kompaniýa Ýerine ýetiriji komitet hem-de onuň hyzmatdaşlary bilen logistiki hyzmatlary meýilleşdirmekde we ilerletmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dahyllydygy bilen ruhlanan “Türkmen ak ýol” kompaniýasynyň hünärmenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda logistiki hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek üçin özleriniň kuwwatyndan we tejribesinden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olaryň pikirine görä, bu oýunlar “Iň uly halkara sport baýramçylygy bolar”.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy