24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

“Aş­ga­bat 2017” hyz­mat­la­ry işe gi­riş­di

Azyk­lyk önüm­ler bi­len bir ha­tar­da «Aş­ga­bat 2017» oýun­la­ry­nyň ny­şa­ny, tu­ma­ry we We­pa­ly­nyň dür­li şe­kil­le­ri ýer­leş­di­ri­len sport ly­bas­la­ry, spor­tuň her bir ug­ru­ny su­rat­lan­dyr­ýan sow­gat­lyk­lar, açar­bag­lar, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy ala­mat­lan­dyr­ýan ýa­dy­gär­lik ha­ryt­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­i bar. Oýun­la­ra gat­na­şy­jy­lar, tür­gen­ler we da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar bu söw­da dü­kan­la­ryn­dan oýun­lar döw­rün­den ýa­dy­gär­lik gal­jak sow­gat­lyk­la­ry alyp bi­ler­ler. Stol­da goý­ma­ga ýa-da dür­li di­war­lyk­lar­dan as­ma­ga, ulag­lar­dyr öý be­zeg­le­ri üçin ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen sow­gat­lyk­lar süý­ji ýat­la­ma­lar gal­dyr­jak «Aş­ga­bat 2017» oýun­la­ry­nyn­dan ýa­dy­gär­lik bo­lar. Söw­da dü­kan­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň bir­nä­çe söw­da fir­ma­la­ry­nyň we mer­kez­le­ri­niň gu­ran söw­da no­kat­la­ry­na hem gy­zyk­lan­ma ýo­ka­ry. Şä­her­çä­niň için­de «Al­tyn» döw­let lo­maý bö­lek fir­ma­sy­nyň söw­da no­ka­dy­nyň hö­dür­le­ýän dür­li sow­gat­lyk­la­ry-da ge­len­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Türk­men hal­ky­nyň edim-gy­lym­la­ry­na, däp-des­sur­la­ry­na mah­sus aý­ra­tyn­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ol ha­ryt­lar gö­nü­den-gö­ni «Aş­ga­bat 2017» oýun­la­ry üçin ni­ýet­le­nen­dir. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da söw­da dü­kan­la­ryn­da we res­to­ran­lar­da myh­man­la­ra hyz­mat et­jek hü­när­men­le­riň ýü­rek buý­san­jy­ny si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Atajan ATAÝEW, Haryt boýunça işgär.

— Yn­ha, sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şy­lan Azia­da oýun­la­ry hem ýe­tip gel­di. Gör­şü­ňiz ýa­ly, biz hem Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de dür­li gör­nüş­li sow­gat­lyk ha­ryt­la­ryň sa­tu­wy­ny ýo­la goý­duk. Eý­ýäm­den tür­gen­ler we da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar sow­gat­lyk­la­ry­my­za uly is­leg bil­dir­ýär­ler. Bu bol­sa, hal­ka­ra ýa­ry­şy­na dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň nä­hi­li uly äh­mi­ýet ber­ýän­li­gi­ni, oýun­la­ra uly hy­juw bi­len ga­ra­şan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy her bir adam ha­la­ýar. Me­nem spor­tuň bas­ket­bol gör­nü­şi­ni ha­la­ýa­ryn. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy tür­gen­le­ri­mi­ze bu hal­ka­ra ýa­ryş­da uly ýe­ňiş­ler ga­zan­ma­gy ar­zuw ed­ýä­rin!
 

Ta­gam hyz­mat­la­ry­ do­ly taý­ýar

Dün­ýä­niň çar kün­jün­den gel­jek myh­man­la­ra, tür­gen­le­re we gat­na­şy­jy­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­li ta­gam­la­ry hö­dür­le­mä­ge örän uly taý­ýar­lyk gö­rül­di. Oýun­lar döw­rün­de myh­man­la­ra ta­gam hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mä­ge-de ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk görüldi. Hut, şol my­na­sy­bet­li gör­len gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri is­len­dik de­re­je­dä­ki myh­ma­nyň ösen is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gyň höt­de­sin­den ge­ler. Ta­gam hyz­mat­la­ry­ny dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne la­ýyk gur­na­mak­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ta­gam­la­ry taý­ýar­la­jak aş­pez­le­re we ofi­siant­la­ra en­çe­me wagt­dan bä­ri ýö­ri­te taý­ýar­lyk okuw­la­ry ge­çi­ril­di. Olar ta­gam taý­ýar­la­ma­gyň in­çe usul­la­ry­ny, hyz­mat et­me­giň düz­gün­le­ri­ni do­ly de­re­je­de öz­leş­dir­di­ler. Öz hü­när­le­ri­niň in­çe ta­rap­la­ry­ny öw­ren­di­ler. 5 ugur bo­ýun­ça dür­li ta­gam hö­dür­len­jek oýun­lar­da ta­gam hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­jek ofi­siantlar­yň we aşpezleriň ählisi  okuw türgenleşik sapaklaryny geçdiler.

«Aş­ga­bat 2017» oýun­la­ry ar­ka­ly eder­men hal­ky­my­zyň asyl­ly däp-des­sur­la­ry­ny, onuň myh­man­sö­ýer­li­gi­ni hem-de mi­ze­mez je­bis­li­gi­ni bü­tin dün­ýä gör­kez­me­li­di­ris di­ýip, bel­le­ýän mil­li Li­de­ri­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren mas­la­hat­la­ryn­da oýun­lar döw­rün­de söw­da we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti ul­gam­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly anyk we­zi­pe­le­ri kes­git­läp­di. Oňa la­ýyk­lyk­da tür­gen­le­riň, res­mi we­ki­li­ýet­le­riň, myh­man­la­ryň, meý­le­tin­çi­le­riň we hyz­mat ed­ýän iş­gär­le­riň ýo­ka­ry hil­li iý­mit bi­len üp­jün edi­li­şi bo­ýun­ça be­r­len tab­şy­ryk­la­r do­ly ýerine ýetirildi. 
Res­to­ran­lar­yň we tiz iý­mit­len­me­giň ka­fe­si­niň işi-de ge­rek­li de­re­je­de ta­la­ba­la­ýyk gu­ral­dy.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy