24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

"Aşgabat 2017"-ä bar­ýan ýol­da...

V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti «Hoşza­man» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na res­mi he­ma­ýat­kär hök­mün­de go­şul­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len yg­lan et­di.
«Hoşza­man» guş­çu­lyk fer­ma­sy 2004-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da goň­şy ýurt­lar bi­len söw­da et­mek mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ryl­dy. «Hoşza­man» kom­pa­ni­ýa­sy hyz­mat­daş hök­mün­de Oýun­la­ra gat­naş­ýan iş­gär­le­riň we meý­le­tin­çi­le­riň iý­mit üp­jün­çi­li­gi mak­sat­na­ma­sy üçin 80 000 sa­ny şo­ko­lad we meý­le­tin­çi­le­riň sow­gat­lyk tor­ba­sy üçin 10 000 gu­ty süý­ji bi­len üp­jün eder.
Hy­ta­ýyň «Hua­wei Tech. Invest­ment Co., Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy hem Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na res­mi he­ma­ýat­kä­ri bol­dy.
«Hua­wei Tech. Invest­ment Co., Li­mi­ted» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de yk­jam ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy üp­jün edi­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lup, saz­la­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­ma­ga, in­no­wa­si­ýa­la­ry gi­riz­mä­ge ça­lyş­ýan we hyz­mat­daş­ly­ga açyk kom­pa­ni­ýa­dyr.

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy