24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

Meý­le­tin­çi­ler «Aş­ga­bat 2017»-niň ýolgörkezijileri

Tä­lim­çi­lik oku­wy umu­my okuw, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­si­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­ýun­ça na­za­ry okuw we ama­ly okuw ýa­ly tap­gyr­lar­da ge­çi­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, to­par ýol­baş­çy we­zi­pe­si­ne bel­le­nen meý­le­tin­çi­leriň ýö­ri­te tä­lim okuw­la­ry ge­çi­ril­di. «Il­kin­ji ýyl­dyz­la­ry­myz» üçin tä­lim­çi­lik okuw­la­ry bir­nä­çe hep­dä­niň do­wa­myn­da güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­dy. Umu­my tä­lim­çi­lik oku­wy meý­le­tin­çi­le­riň köp san­ly ukyp­la­ry­ny ös­dür­mä­ge, bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. 
Meý­le­tin­çi­ler olim­pi­ýa ýa­ryş­la­ry­nyň esa­sy gu­ra­ma­çy­la­ry, ýol­gör­ke­zi­ji­le­ri bo­lup, olar­syz oýun­la­ry gura­magy we ge­çir­megi gözöňüne getirmek örän kyn. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň äh­li­sin­de meý­le­tin­çi­le­re uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Oýun­lar döw­ri meý­le­tin­çi­ler iň esa­sy we­zi­pe­le­ri – ýa­ry­şyň şow­hun­ly we göz öňün­de tu­tu­lan ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da geç­me­gi­ni üp­jün eder­ler. Oýun­lar meý­le­tin­çi – saz­laş­dy­ry­jy güýç­ler bi­len mak­sa­da­la­ýyk gur­a­lyp, ýa­ryş­la­ryň dün­ýä ýal­kym saç­jak şug­la­sy ola­ryň hyz­ma­ty ne­ti­je­sin­de ýer ýü­zü­ne ýa­ý­rar. «Aş­ga­bat 2017»-niň bu «Il­kin­ji ýyl­dyz­la­ry­na» köp zat­lar bag­ly we olar hal­ka­ra oýun­la­ry­nyň esa­sy ýol­gör­ke­zi­ji­le­ri­dir.
«Il­kin­ji ýyl­dyz­lar» mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de tä­lim­çi­lik okuw­la­ry ge­çi­ri­lip, ola­ryň to­par ýol­baş­çy­la­ry «Aş­ga­bat 2017»-ä gat­naş­jak 8000 meý­le­tin­çi­niň için­den saý­lan­dy. Meý­le­tin­çi­le­riň ag­la­ba­sy ta­lyp ýaş­lar bo­lup, tä­lim­çi­lik oku­wyn­da ola­ra en­dik­ler we bi­lim­ler ba­ra­da esa­sy mag­lu­mat­lar be­ril­di. Bu gün spor­tuň oýun gör­nüş­le­ri­niň top­lu­myn­da (MIA) ge­çi­ri­len oku­wyň ne­ti­je­sin­de ta­lyp­lar öw­re­nen zat­la­ry­ny tej­ri­be­de ulan­ma­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Tä­lim­çi­lik oku­wyn­dan soň meý­le­tin­çi­le­riň äh­li­si­ne dür­li ýag­daý­lar üçin mas­la­hat­la­ry we ge­rek­li mag­lu­ma­tlary, oýun­la­ra has go­wy taý­ýar bol­ma­gy üçin ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li ýu­muş­la­ry öz içi­ne al­ýan ýö­ri­te gol­lan­ma­lar be­ril­di. Bu bol­sa sent­ýabr aýyn­da oýun­la­ra gel­jek äh­li adam­la­ry gal­kyn­dyr­jak «Il­kin­ji ýyl­dyz­la­ryň» «Aş­ga­bat 2017»-niň tej­ri­be­sin­de tä­ze tap­gy­ra ga­dam bas­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Bi­ziň meý­le­tin­çi­le­ri­miz tä­lim­çi­lik okuw­la­ry­nyň do­wa­myn­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ýe­ri­ne ýe­tir­jek öz we­zi­pe­le­ri bo­ýun­ça ba­şar­nyk­la­ry­ny do­ly kä­mil­leş­dir­di­ler. «Si­ziň gal­kyn­ma­ly wag­ty­ňyz» at­ly oýun­lar­dan öň­ki meý­le­tin­çi­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň hem-de ge­çi­ri­len sy­nag çä­re­le­riň kö­me­gi bi­len olar uly tej­ri­be ga­zan­dy­lar we «meý­le­tin­çi» sö­zü­niň aň­lad­ýan ma­ny­sy­na has aý­dyň dü­şün­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, tä­lim­çi­lik oku­wyn­da Oýun­la­ryň ag­za­la­ry­ny myh­man­sö­ýer­lik bi­len gar­şy­la­mak hem-de de­giş­li des­ga­nyň iş to­par­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­li we­zi­pe­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat 
be­rler. 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy