TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Sport baýramynyň buşlukçylary

Şu gün paýtagtymyzyň möçberi hem-de enjamlaşdyrylyş derejesi boýunça sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Bu waka şanly senäniň — Olimpiýa stadionynda türgenleriň, janköýerleriň, tomaşaçylaryň on müňlerçesiniň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň golaýlaşýandygyny alamatlandyrdy. 
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana hem-de onuň paýtagtyna gyzyklanmasy öňde boljak ägirt uly sport wakasy bilen baglylykda has-da artýar, ol biziň halkymyzyň we ýurdumyzyň taryhyna, şeýle hem tutuş Aziýanyň sport hereketiniň ýyl ýazgysyna “Aşgabat 2017 oýunlary” diýen sözler bilen altyn harplarda ýazylar.
Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň galdyrylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara hökümet agzalary, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň sport federasiýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we ýurdumyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Özboluşly many-mazmuna beslenen sanlaryň sazlaşygy bu dabaranyň çuňňur ähmiýetini alamatlandyrdy: baýdaklary galdyrmak dabarasy 17 sagat 17 minutda hem-de 777 türgeniň gatnaşmagynda geçirildi.
Dabara V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň giriş sözi bilen açyldy, onda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygary astynda geçirilýän oýunlaryň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy.
Aziýa oýunlaryna 6 müňe golaý türgen gatnaşar, olar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Takmynan, 30 müňe golaý daşary ýurtly myhmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýüzlerçesiniň gelmegine garaşylýar. Ýaryşlara gatnaşyjylaryň ählisi türkmen myhmansöýerligini hem-de halkymyzyň hoşniýetliligini duýarlar, hoşniýetlilik, parasatly we baky gymmatlyklar halkymyzyň däp-dessurlarynyň binýadyny düzýär.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylýar.
Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy galdyrylýar.
Belent pasyrdaýan ýaşyl türkmen Tugy hem-de Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ak baýdagy Olimpiýa şäherjiginiň hem-de ýaryşlary guramaçylaryň, işgärleriň we tehniki gulluklaryň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna – şu hepdäniň ahyrynda badalga alýan 10 günlük köpçülikleýin sport we baýramçylyk çäreleriniň marafonyna taýýardygyny alamatlandyrdy. Şeýle hem baýdak meýdançasynda Oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň Baýdaklary galdyryldy.
Dabaralar aýdym-sazly we tansly çykyşlar — V Aziada we ajaýyp türkmen paýtagtyna, abraýly halkara ýaryşlaryny kabul edýän şäherimize bagyşlanan çykyşlar bilen utgaşdy.
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy mynasybetli olara gatnaşyjylar we myhmanlar üçin köpsanly sowgatlar taýýarlanyldy, sazlar we şahyrana goşgular düzüldi, çeper we amaly-haşam sungaty eserleriniň toplumy, dürli görnüşli sowgatlyk önümler döredildi.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy