24 SAGAT HEREKETDE

Häzirki günlerde paýtagtymyzda gije-gündiz hereket edýän dükanlar öz işini gyzgalaňly alyp barýar. «Aşgabat 2017» oýunlary mynasybetli, has-da işjeňleşen bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşýär. Esasan hem, sanlyja günden başlanjak oýunlar mynasybetli ähmiýetli hyzmatlaryň hatarynda duran bu söwda merkezleri döwrebaplygy, önümleriniň köpdürliligi we ýerleşýän ýerleri boýunça paýtagtymyzyň söwda merkezleriniň arasynda iň meşhur  dükanlardyr.

«Aş­ga­bat 2017»-ä ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar

17-nji aw­gust­da paý­tag­ty­myz­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesine ba­ryp, bu ýer­de gu­ra­lan “Azia­da-2017-niň ta­gam­la­ry” at­ly ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li naý­ba­şy bak­ja önüm­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­lar hem ge­çi­ril­di. 

«Altyn damja» bulduranda

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň ykdysady kuwwatynyň berk bolmagynda önüm öndüriji pudaga aýratyn ornuň degişlidigi hakdaky parasatly pikirlerinden ugur alyp, ýurdumyzda önümçilik giň gerime eýe boldy. Islendik önümiň hili, islegliligi nazarda tutulyp, halka hödürlenilýär. 

SAG­DYN­LY­GYŇ WE RU­HU­BE­LENT­LI­GIŇ SUN­GAT­DA­KY SU­RA­TY

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze ýyl­da­ky bi­rin­ji mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň res­mi keş­bi­ni we tu­ma­ry­ny tas­syk­la­dy. Azia­da — 2017-niň dür­li keşp­ler top­lu­my­nyň üs­ti ýur­du­my­zyň mil­li hem-de et­nog­ra­fik öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, me­de­ni-ta­ry­hy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, onuň te­bi­gat dün­ýä­si­ni we halk däp-des­sur­la­ry­ny gör­kez­ýän çuň ma­ny­ly ala­mat­lar bi­len ýe­ti­ril­di.

Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň res­mi keş­bi­niň beý­le­ki ny­şan­lar­dan esa­sy ta­pa­wu­dy ony hä­zir­ki za­man sun­gat ga­le­re­ýa­sy­na my­na­syp sun­gat ese­ri di­ýip at­lan­dy­ryp bol­ýan­dy­gyn­dan yba­rat­dyr. Onuň çe­per­çi­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry, öz­bo­luş­ly sti­lis­ti­ka­sy ma­ny-maz­mu­nyň baý­ly­gy, tä­sin şyg­ry­ýet we şol birwag­tyň özün­de, äh­li adam­la­ra, hat­da ça­ga­la­ra hem düş­nük­li bo­lan örän aý­dyň we ýö­ne­keý keşp­ler bi­len ut­gaş­ýar.
Oýun­la­ryň tu­ma­ry bol­sa gö­ze ýa­kym­ly hem-de şa­dy­ýan ala­baý bo­lar. Türk­men­ler do­ga­bit­di seç­gi­çi­ler bol­mak bi­len, ahal­te­ke be­de­wi­niň, türk­men ala­ba­ýy­nyň, aw­çy ta­zy iti­niň tä­sin to­hum­la­ry­ny ýe­tiş­dir­di­ler hem-de olar­da iň go­wy hä­si­ýet­le­ri ke­ma­la ge­ti­rip, ola­ry bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li üýt­gew­siz gör­nüş­de sak­lap gal­ma­gy, haý­wan­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň däp­le­ri­ni hem ýi­tir­män sak­la­ma­gy ba­şar­dy­lar.
Ala­baý — tu­mar ýö­ri­te mil­li ly­bas­da ýa-da sport ly­ba­syn­da şe­kil­len­di­ril­di. Ada­ty bol­ma­dyk ýa­şyl “reň­ki” bol­sa ony er­te­ki­niň gah­ry­ma­ny ýa­ly ja­dy­ly gör­kez­ýär.
Türk­men paý­tag­tyn­da Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek döw­rün­de baý­ram­çy­lyk, myh­man­sö­ýer­lik, hoş­ni­ýet­li­lik hem-de dost­luk ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek­de bu ýa­kym­ly keş­be aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.
Şo­ňa gö­rä-de, hut ala­ba­ýyň tu­mar hök­mün­de se­çi­lip alyn­ma­gy tö­tän­den däl­dir. Ol, ha­ky­kat­dan hem, we­pa­ly dost we go­rag­çy­dyr, güýç­li hem-de gaý­duw­syz­dyr. 
 

Bildirişler


Reklamalar


“Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň täze sany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy