TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Hoş geldiňiz!

13-nji sentýabrda Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Şeýle hem baýdak meýdançasynda Oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň Baýdaklary galdyryldy. Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň galdyrylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara hökümet agzalary, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň sport federasiýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we-killeri, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we ýurdumyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Özboluşly many-mazmuna beslenen sanlaryň sazlaşygy bu dabaranyň çuňňur ähmiýetini alamatlandyrdy: baýdaklary galdyrmak dabarasy 17 sagat 17 minutda hem-de 777 türgeniň gatnaşmagynda geçirildi. Dabara Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň giriş sözi bilen açyldy. Dabaralar ajaýyp türkmen paýtagtyna, ab-raýly halkara ýaryşlaryny kabul edýän şäherimize bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýurdumyzda ilkinji gezek ge-çirilýän şeýle bäsleşikde geçiriljek ýaryşlary dünýä metbugatyna gyzgyny bilen ýetirjek metbugat işgärlerine söz berýäris.
Filip Jon Minşull, Angliýa, teswirleýji
Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Özüm britaniýaly bolsam-da, köp ýyldan bäri Ispaniýada ýaşaýaryn. Türkme-nistan hem edil Ispaniýa ýaly güneşli ýurt. «Aşgabat 2017» oýunlarynda sportuň göreş görnüşini teswirlemäge geldim. Dünýäniň 50 töweregi ýurdunda bolup, halkara bäsleşikleriniň ählisinde diýen ýaly ýeňil atletika sportuny teswirledim. Türkmen halkynyň myhmansöýerligini bu ýurda ilkinji aýak basan pursadyňdan duýmak bolýar. Bäsleşiklerde türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edýärin.
Fransisko Fernandez, Ispaniýa, habarçy
Men türkmen paýtagtyna ilkinji gezek geldim. Güneşli ýurtda ýaşaýan türkmen halkynyň örän dostana häsiýeti bar. Şol sebäpli halkyňyz bilen gysga wagtda sözüň alşyp gidýär. Şäheriň arassalygy, jaýlaryň gözelligi ýat ýurtdan gelen adamyň ünsüni şobada özüne çekýär. Her halkyň öz gowy görýän haýwany bolýar. Meniň ünsü-mi çeken türkmen halkynyň aty we adamyň wepaly dosty iti gowy görýänligi boldy. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň şekilinde hem alabaýyň, sport oýunlarynyň nyşa-nynda bolsa bedewiň şekiliniň bolmagy bu milletiň adamyň ýakyn dostlary hasaplanýan bu jandarlara nähili sarpa goýýandygyny alamatlandyrýar.
Maýa Ýazmyradowa, Türkmenistan, teswirleýji.
Dünýä halklarynyň hakydasynda hemişelik galjak sport baýramçylygyna meýletinçi-teswirleýjiler hem taýýarlandy. Bu ugurda ola-ra hünärmen mugallymlar we sport žurnalistleri okuw sapaklaryny geçdiler. Sport teswirleýjisi hökmünde biz üçin öz döwletiňde geçi-rilýän iri sport ýaryşlaryny göni ýaýlymda teswirläp, tomaşaçylara ýetirmek uly bagt. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin edilýän işler onuň üstün-likli geçmegini üpjün eder we döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrjak wakalaryň biri bolup taryha girer.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy