Email: Info@mintradefer.gov.tm
 

Guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmen pälwanlary 5 bürünç medal gazandylar

V Aziada guşakly göreş ýaryşlarynyň ikinji güni nusgawy görnüşdäki tutluşyklar bilen dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri görkezýärler. Türkmen pälwanlarynyň 14-si final duşuşygyna çykdylar, özi-de iki finalda diňe ildeşlerimiz gatnaşar. Bu bolsa ýygyndy toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirýär. Ýeňijiler günüň ikinji ýarymynda kesgitlener.
Nusgawy görnüşde bürünç baýragynyň eýeleri eýýäm kesgitlendi. Türkmen türgenleriniň arasynda bürünç medallary Myrathan Azadow (55 kg), Agajan Täçmuhammedow (60 kg), Orazmyrat Orazmyradow (70 kg), Gulfiýa Jumaýewa (55 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg) dagy eýeledi.
Şu gün başa-baş söweşleriň ýene-de biri bolan kuraş boýunça ýaryşlar başlandy. Bu ýaryşda hem milli ýygyndymyz ýokary netijelere dalaş edýär.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTER tilsimaty merkezi

Tel: +993 12 93 40 50 Faks: +993 12 93 40 60 Sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş. Mag­tym­gu­ly şa­ýo­ly, 111 «A» jaý. E-ma­il: tdsoft@on­li­ne.tm, Web­saýt: www.cct.com

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.