TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda»


Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda

Ykdysady ösüşleri nazarlap.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň umumy medal sany 148-e ýetdi

Şu gün Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 13 görnüşi boýunça ýaryşlar dowam etdi. Şu gün ýurdumyzyň topary guşakly göreş, kuraş, konkur, taý boksy, agyr atletika boýunça 21 medal, şol sanda 6 altyn medal gazandy.
Türkmenistanyň ýygyndy topary häzire çenli jemi 148 medal, olaryň 59-sy altyn, 43-si kümüş we 46-sy bürünç medallardyr. Munuň özi türkmen toparyna umumy hasapda öňdeligi saklamaga mümkinçilik berýär.
Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň baş Media merkezinde mediaforum geçirildi, oňa “Aşgabat 2017” oýunlaryny beýan edýän žurnalistler gatnaşdylar. Onda ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi bellenildi. Žurnalistler Türkmenistanda sporty we onuň düzümlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işjeň hem-de yzygiderli syýasatyň, halkara sport we media guramalary bilen bilelikde geçirilen işleriň “Aşgabat 2017” oýunlaryny has aýdyň we täsirli edendigini bellediler.
Guşakly göreş boýunça bäsleşikler dowam edýär, “kazah kuresi” we “pahlawani” ugurlary boýunça tutluşyklar geçirildi. “Kazah küresinde” türkmenistanlylar Tejen Tejenow (90 kg.) altyn medala, Işanmyrat Ataýew (70 kg çenli) kümüş medala, Kuwwat Nuryýew (90 kg-dan ýokary), Ylýas Momunow (70 kg.) bürünç medallara mynasyp boldular. Guşakly göreşiň “pahlawani” ugry boýunça türkmen türgeni Süleýman Omarow (70 kg.) kümüş medaly, Wadim Petrosýan (90 kg-dan ýokary) we Ýakup Meredow (90 kg.) bürünç medallary eýelediler.
Kuraş boýunça türkmen ýygyndy toparynyň hatarynda Marat Orazow finalda 66 kilogram agram derejesinde kümüş medala eýe bolan ildeşimiz Nedir Allaberdiýewden üstün çykyp, altyn medal gazandy. Zenanlaryň arasynda Maral Sultanowa (63 kg.) we Mariýa Lohowa (70 kg.) kümüş medallara mynasyp boldular.
Kuraş boýunça (81 kg.) agram derejesinde Muhammet Temirow kümüş medal aldy. Zenanlaryň arasynda Gülşat Nasyrowa (63 kg.), Nasiba Hallyýewa (70 kg.), Orazgül Seýidowa (78 kg.), Gözel Karimbaýewa (78 kg.) üçünji orunlary eýelediler.
Taý boksy boýunça final bäsleşikleri geçirildi, altyn medal ugrunda türkmen boksçylarynyň üçüsi tailandly türgenler bilen bäsleşdiler. Mustafa Saparmyradow birinji ýer ugrundaky tutluşykda 67 kilogram agram derejede Man Samçaýýafundan üstün çykdy. Jennet Aýnazarowa Sirispora Sirisagi (57 kg. çenli) ýeňip, altyn medala mynasyp boldy. Ýaňyl Kawusowa bolsa tailandly türgen Teniran Ýadrungdan asgyn gelip, 54 kilogram agram derejede ikinji orny eýeledi.
Konkur boýunça bäsleşiklerde türkmen çapyksuwary Nikolaý Beglarýan Toýçy bedewinde çykyş edip, “Ahalteke” kubogyna eýe boldy. Bu çapyksuwar örän çylşyrymly päsgelçiliklerden bellenilen wagtda hem-de arassa geçmegi başardy. Saud Arabystanynydan çapyksuwar Abdullah Walid Şarbatly Tagsyr atly bedewde ikinji orny, Gyrgyzystandan Kamil Sabitow Tanymal atly bedewde üçünji orny eýeledi. Türgenimiziň bu ýeňşi türkmen atçylyk sportunyň barha ösýändigini ýene bir gezek görkezdi.
Türkmen agyr atletikaçysy Rejepbaý Rejepow 77 kilogram agram derejede ýygyndy toparymyza altyn medal getirdi. Ol birbada we itekläp götermegiň jemleri boýunça 353 kilogram netije görkezdi, şu gün bu türgenden hiç kim öňe geçip bilmedi. Türkmen türgeni Palina Guriýewa hem hormat münberine çykmaga golaýlady, emma 63 kg. agram derejede çykyş eden bu turgen dördünji orun bilen oňmaly boldy.
Taekwando boýunça ýaryşlarda erkekleriň arasynda 68 kilograma çenli, zenanlaryň arasynda 57 we 67 kilograma çenli agram derejelerinde ýeňijiler kesgitlenildi. Gynansak-da, türkmen pälwanlary hormat münberine barýan ýolda aýlawly bäsleşikleri ahyryna çenli geçip bilmediler.
3x3 basketbol ugry boýunça öňde boljak çärýek finallara gatnaşyjylar äşgär boldy. “A” toparçadan Mongoliýanyň we Gyrgyzystanyň, “D” toparçadan Tailandyň we Indoneziýanyň erkekler toparlary çärýek final bäsleşiklerine çykdylar. Şu günüň jemleri boýunça “B” toparçadan Tailandyň we Indoneziýanyň zenanlar ýygyndylary bäsleşikleri dowam etmäge hukuk gazandylar.Ertirr Türkmenistanyň erkekler ýygynldy topary bäsleşikleri dowam etmek üçin aýlawly ýaryşlaryň soňky duşuşygynda Yragyň toparyny utmalydyr. 23-nji sentýabrda bolsa biziň zenanlar toparymyz Eýranyň basketbolçylary bilen ýarym finalda duşuşar.
Futzal boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary şu gün Wýetnamyň toparyndan 0:1 hasabynda utulsa-da, ozal toplan 9 utugy netijesinde “A” toparçada birinji orny eýeläp, çärýek finala çykdy. Ertir türkmen futzalçylary Özbegistanyň topary bilen bäsleşerler. Şeýle hem çärýek finalda Eýranyň bilen Tailandyň, Ýaponiýanyň we Iordaniýanyň, Owganystanyň we Wýetnamyň toparlary duşuşarlar.
Biziň bilýardçylarymyz bu oýnuň “rus piramidasy” ugry boýunça şowly çykyş edýärler. Birbada olaryň üçüsi – Annamämmet Annamämmedow, Kamaladdin Babaýew we Batyr Geldiýew ýarym finala çykdylar, bu bolsa baýrakly orunlary kepillendirýär. Şu gün bilýardyň “snuker” ugry boýunça HHR-den Ýan Bingtao altyn medaly eýeledi.
Bouling boýunça ýaryşlar badalga aldy. Şu gün erkekleriň arasynda ýekelikdäki bäsleşikler geçirildi, emma biziň türgenlerimiziň görkezen netijeleri olara çärýek finala çykmaga mümkinçilik bermedi.
Birinji aýlawuň jübütleýin bäsleşiklerinde türkmen tennisçileri Jahan Baýramowa we Anastasiýa Prenko Wanuatudan gelen tennisçiler Mari Lewuslilini we Deýsi Sipitini 6:0, 6:0 hasabynda aňsatlyk bilen ýeňip, indiki tapgyra çykdylar. Erkekleriň arasynda Isa Mämmetgulyýew we Ýuriý Rogusskiý çekeleşikli bäsleşikde gazagystanly türgenler Timur Habibullinden we Denis Ýewseýewden utulyp, ýaryşy tamamladylar. Ikinji aýlawyň ýekelikdäki bäsleşiklerinde hem tennisçilerimiz şowly çykyş edip bilmediler.
Şu gün türkmen küştçüleri Meýlis Annaberdiýew, Hanjar Ödäýew, Mähri Geldiýewa we Bahar Hallaýewa şahsy bäsleşiklerde ilkinji ýeňişlerini gazandylar.
Welotrek boýunça geçirilýän ýaryşlaryň çäklerinde sprint, toparlaýyn sprint we toparlaýyn yzarlama görnüşlerde bäsleşikler geçirildi.

Bildirişler


Reklamalar


“Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy